Türkmen halysy türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esasylarynyň biridir. Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlygyny saklap gelipdirler. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda «Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edildi.
Türkmeniň at-abraýyny arşa göteren, milli hazynasy hasaplanýan halyçylyk işi bilen meşgullanmak, ony dünýä bazaryna çykarmak ukyplary türkmen zenanlaryna mahsus bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň haly sungatyna bagyşlan «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserinde: «Haly halkymyzyň gadymy hem müdimi sungatydyr. Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr» diýip belleýşi ýaly, zenan kalbynyň näzikliginden, duýgurlygyndan, umyt-arzuwlaryndan döreýän älemgoşar öwüşginli türkmen halysyna taý geljek gözellik dünýäde ýok bolsa gerek. Ene-mamalarymyzyň asyrlarboýy on barmagynyň hünäri bolup, gün-güzeran dolamagyň akar çeşmesi bolan türkmen halysy her bir türkmeniň buýsanjy, onuň geçmişi, şu güni hem ýagty günlere besleýän ertirki güni. Çitimleriň sazlaşyp gitmegi bilen haly sungaty äpet gözellik bolup dünýä inýär. Ýürek mähri, zenan söýgüsi, gyz-gelinleriň pynhan syry siňdirilen gyzyl çog ýaly halynyň nagyşlary Günüň kuýaşy kimin gözüň ýagyny iýip barýar. Halkyň içinde haly dokamak işine ýöne ýere «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýän däldir. Gelin-gyzlaryň haly dokanlarynda barmaklarynyň hereketine göz ilmeýändigini synlanyňda, türkmen gelin-gyzlarynyň ählisiniň zannynda ajaýyp türkmen halysyna bolan yhlasyň, mähriň möwç urýandygyny duýýarsyň. Gözüni açyp göreni haly-palas, gulagynyň ganany darak sesleri bolansoň, ýaşajyk gyzlarymyz hem halyçylyk hünärine ýürekden ýapyşyp, öz kärlerine ömürlik wepaly bolýarlar. Türkmen halysy asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýär.
Türkmen halysyna salynýan her bir nagyş öz boluşly bir manyny aňladýar. Zemin gözelligini emele getirýän nagyşlar bir-birinden owadan, nepis bolup, olar hala çitilende adamyň gül ýaly ýaşap, ösüp-örňäp gitmegi dileg edilip ähli umyt arzuwlary siňdirilýär. Merdana türkmen halky özüniň begenjini, şatlygyny, buýsanjyny hem köňül hasratyny siňdiren ajap halysyny agzybirligiň ajap tugy edinip, dünýä ýüzüne çykandyr. Milletimiziň inçe senediniň şöhrat-şanyny has-da belende götermek, onuň at-owazasyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň özeninde milli buýsanç ýatandyr.
Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramynyň ählihalk toý edilip bellenilmegi, bu baýramçylyga gabatlanyp ussat halyçylara şa serpaýlarynyň ýapylmagy, halyçylyk sungatyna bagyşlanan halkara sergileriň we ylmy maslahatlaryň geçirilmegi gymmatly milli medeni mirasymyzy öwrenmek işiniň döwlet derejesinde ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda türkmen halyçylyk sungatymyz täze öwüşginler, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Enebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.