Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenbaşy şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda raýatlaryň saglygyny gurşap alýan temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki ulanmagyň netijelerinden goramak hakynda “Türkmenistanyň kanuny esasynda ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak” maksady bilen “Sagdyn nesil, sagdyn ruhy ýörelgämiz ýolumyz” atly wagyz-nesihat atly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenbaşy şäher Polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Polisiýanyň kapitany, Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Türkmenbaşy şäher Polisiýa bölüminiň PÝGB-nyň gözegçisi polisiýanyň kapitany gatnaşyp, olaryň hersi öz gezeginde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeklerini, wagtlaryny boş geçirmän sport bilen meşgullanmaklaryny, ata Watana wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaramaz endikleriň öňüni almak barada, temmäkiniň we seri dumanladyjy maddalary bikanun dolanşygyna, ulanylmagyna garşy göreşmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek we “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek amala aşyrylmaly çäreleriň 2017-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny” neşe serişdeleriniň we zyýanly endikleriň ulanylmagynyň jemgyýete ýetirýän ýaramaz netijelerini giňişleýin düşündirdiler. Wagyz nesihat duşuşygynyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.