Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda şäherimiziň şygryýet bilen meşgullanýan, talyp ýaşlarynyň şeýle hem edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Türkmenbaşy şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkeline gezelenç edildi. Gezelenjiň dowamynda ýaşlaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni sport toplumynyň sazandalary we aýdymçylary beýik akyldar şahyrymyz barada aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler. Bagtyýar talyp ýaşlarymyz hem Magtymguly Pyragymyzyň mertlik, watançylyk, ar-namyslyk, kalby päklik, tebigata we janly-jandarlara söýgi, rehim-şepagat bilen garaýyş, ula-kiçä hormat goýmak, wepadarlyk, hoşniýetlilik, mylaýymlyk, pähim-parasatlyk, salykatlylyk, ynsanperwerlik dogrusynda birnäçe goşgularyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Mundan başgada Pyragynyň şygyrlarynda beýik milletiň baky ýaşaýşynda gadymyýetiň ruhy gymmatlyklary, ruhy gözellikleri özüniň çuňňur mazmuny tapýanlygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Gezelenjiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.