BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI

Baş şäherimiz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Ähli özgertmeleriň nusgalyk keşbinde gözel paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbini görmek bolýar. Şanly seneleriň milli senenamasynda 25-nji maý indi birnäçe ýyl bäri Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. Aşgabat - dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň mekany hökmünde tanalýan şäher. Biziň üçin ol «Watan» sözi bilen manydaşdyr. Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeledi. Paýtagtymyzyň kaşaň we göze gelüwli binagärlik keşbini döredýän desgalaryň birnäçesi hem şol kitaba girizildi. Bu görkezijiler Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabada myhman bolup gelen her bir adamyň ilkinji sözi paýtagtymyzyň gözelliginden başlanýar. Aziýanyň merjenine öwrülen türkmen paýtagtynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Seýilgähleri bolsa Aşgabadyň gözelligine gözellik goşup, köçe ýakalarynyň gül-gülzarlyga, baglyga beslenmegi şäheriň ekologiýa meselesine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzyň ähli künjeginde binagärlik toplumlaryna sazlaşykly utgaşyp gidýän seýilgähler, ýaşyl zolaklar şäheriň keşbine owadan öwüşgin çaýýar. Aşgabat Watanymyzyň ýüregi, halkymyzyň buýsanjy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mermer şäherimiz Aşgabat Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň şaýady bolup, asyrlardan-asyrlara aşyp, jahana şugla saçýar.

Batyrgeldi MYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 894 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 501 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

25 Iýun 2025 | 485 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI