Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz belent maksatlara tarap ynamly gadam urýar. Halkyň bähbidine gönükdirilen bimöçber işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. Munuň özi ähli ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, ösüşleriň beýany bolmak bilen, jemgyýetiň we döwletiň barha ilerlemegine gönükdirilýär. Türkmenistanda Garaşsyzlygyň gazanylmagy netijesinde döwlet nyşanlaryny, şol sanda halkyň kalbyna ýakyn Baýdagy edinmäge mümkinçilik aldyk. «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr» diýlip, Esasy Kanunymyzda berkidilen. Döwlet baýdagymyzda Watanyň bitewi keşbi suratlandyrylýar. Bu nyşanyň üsti bilen ýer ýüzüniň adamlary Türkmenistan barada, türkmenleriň göwnaçyklygy, parahatçylyk söýüjiligi, ruhubelentligi barada düşünje alyp bilýär. Milli baýdak bütin durky bilen halkyň agzybirligini, mertebesini, Watana buýsanjyny, şöhratly geçmişini, häzirki ajaýyp gününi hem-de röwşen geljegini özünde jemleýär. Ýurdumyzyň kanunçylygyny ösdürmegiň hukuk esaslary Konstitusiýadan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzda döwlet nyşanlarynyň ýazgysynyň we olary peýdalanmagyň tertibiniň kanun bilen kesgitlenýändigi görkezilen. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň çykyş etmeginde “Ata ýurduň buýsanjy sen -Baýdagym!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Her bir döwletiň Konstitusiýasynyň özüne mahsus tarapynyň bolşy ýaly, biziň Esasy Kanunymyzyň aýratynlygy-da onda berkidilen hukuk kadalarynyň agramly böleginiň ynsanyň tebigy, mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegine gönükdirilenligindedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli hukugyň esasy bolup, şol bir wagtda beýleki kanunlarymyzyň hukuk ýörelgelerini, ugurlaryny kesgitleýär. Esasy Kanunyň düzgünlerinde dolandyryş, raýat, maşgala, zähmet, kepillik, durmuş üpjünçilik we beýleki wajyp hukuk ýörelgeleri kesgitlenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilýän beýik sepgitleriň netijesinde, döwletimiziň ýaşyl tugy bu gün dünýä ýüzünde belentde parlaýar. «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen hukuk derejesi kesgitlenen buýsançly tugumyz milletiň geçmişini, medeniýetini, berkarar döwletini, umyt-arzuwlaryny, bagtyýar geljegini, parahatçylyk söýüjiligini alamatlandyryp, ýurdumyzyň edara binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda, dünýäniň dürli künjeklerinde buýsançly parlaýar. Onda döwlet berkararlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, jebisligimiz jemlenen. Şeýle bolansoň Döwlet baýdagymyz biziň her birimiz üçin gymmatly, mukaddes. Döwlet nyşanlarymyzyň milletiň, döwletiň ykbalyndaky orny baradaky kadalaryň Esasy Kanunda öz beýanyny tapmagy bu mukaddesliklere goýulýan belent sarpanyň konstitusion kepilidir.
Kerim IŞANGULYÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.