Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde ähli taraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Bu bolsa milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň doly ykrar edilmegine, ýaşyl tugumyzyň belentde parlamagyna ýardam berýär. Munuň özi esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününde — baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli şöhlelendirilýär, özüniň ajaýyp beýanyny tapýar.
Türkmenistan – demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni 1994-nji ýylyň 26-njy dekabrynda baýramçylyk güni hökmünde ykrar edildi we her ýyl 18-nji maýda bellenilýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Döwlet Baýdagymyz şäheriň islendik künjeginden görünýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň gözelligi bilen sazlaşýan Döwlet baýdagy watansöýüjilik we mähriban Watana bolan söýgi ýaly bahasyz gymmatlyklary, halkymyzyň beýik döredijilik ruhuny alamatlandyryp, bahar şemalyna erkin pasyrdaýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijeleri her ädimde duýulýar. Türkmen topragy özgerip, gülläp ösýän bagy-bossanlyga bürenýär, şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerýär, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, Türkmenistanlylaryň abadançylyk derejesi ýokarlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen Esasy Kanun we Ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Döwlet nyşanlary milli ýörelgeler we umumy adamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegi bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Döwlet baýdagymyzda türkmen halylarynyň gölleri, doganlygy, bitewüligi we durmuşyň täzelenişini aýan edýän bäş ýyldyz we ýarym aýyň şekili ýerleşdirilen. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, wagyz-nesihat çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda ýaşlarmyzy döwre laýyklykda ýetişdirmekde olary ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylyklary wagyz etmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Ol halkymyzyň bozulmaz agzybirligini, bitewüligini, onuň şöhratly pederlerimiziň paýhasly wesýetlerine, bagtly häzirki we geljekki durmuşyň ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny, Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşleriň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Türkmen halky tarapyndan agzybirlik bilen toýlanýan bu gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýär. Olary halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrundaky döredijilikli zähmete mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ak ertirlerimize bolan synmaz ynamy öňküden hem pugtalandyrýar. Bu gün Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan nyşanlarymyzyň — Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni. Şeýle günde şöhratly halkymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna bolan hukugynyň alamaty bolan goşa mukaddesligimiziň baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanýar. Bu goşa toý mynasybetli Diýarymyzda ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralar geçirilip, milli gymmatlyklarymyzyň we ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň waspy ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy merdana türkmen halkymyzy Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.