AŞGABAT ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Gözel paýtagtymyz Aşgabat binagärlik çözgütleriniň milli aýratynlyklary we ajaýyp keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň çuň parasatyndan rowaçlanýan ak şäheriň binagärlik aýratynlyklary milli öwüşgini, gurluşynyň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan baş şäherimizde hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen medeni durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlarydyr ýadygärlikler, medeni merkezler, giň şaýollardyr ýol-ulag desgalary, ýerasty we ýerüsti geçelgeler binagärligiň iň täze usullaryny özünde jemleýär. Ýokary hilli gurluşyk gurnama işleriniň netijesinde kemala getirilýän belent binalar, köpugurly şertler mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň abadan geljegine gönükdirilendir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan kaşaň ymaratlar, halkymyzyň rahat dynç almagy üçin döredilen medeni-durmuş  maksatly desgalardyr seýilgähler milli özboluşlylygy, döwrebap röwüşde şöhlelendirýän keşbi bilen tapawutlanýar. Täze gurlan, ähli döwrebap şertleri özünde jemleýän ylym-bilim ojaklary, stadionlar, medeni we söwda merkezleri, täsin myhmanhanalar Aşgabadyň nurana görküni has-da artdyrýar. Merdana milletimiziň ruhy we medeni mertebesi hem-de gözelligiň özboluşly nusgasy hökmünde «Garaşsyzlyk», Arkadag, «Ylham» seýilgähleri, «Zemin», «Jebislik», «Ösüş», «Erkanalyk», «Alaw», «Çemen», «Ebedilik», «Dowamat», «Şahyr» ýaly monumental ýadygärliklerimiziň atlandyrylyşy, binagärlik özboluşlylygy, halkymyzyň geçmişine hormatyndan, şu gününe egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr. Munuň özi, baş şäherimiziň ajaýyp ýollaryny, tutuş durkuny bezäp, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge mynasyp täsirini ýetirýär. Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän toplumlaýyn binalar çuň mazmuna eýe bolup, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, şu günki belent ösüşlerini aýdyň şöhlelendirýär. Berkarar Watanymyzyň paýtagty ähli babatda nusgalykdyr. Birnäçe täsin desgalarymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun alandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.  Aşgabat şäheri özüniň binagärlik sungatynyň aýratynlyklary bilen halkara derejeli güwanamalaryň hem birnäçesine mynasyp boldy. Goý, gözel Diýarymyzy, ak şäherimiz Aşgabady beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Ogulbahar AÝAZOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher

Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI