Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet — hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny bellemek gerek. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýanyň ýedi baby Türkmenistanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýyny, olaryň ösüşiniň maksatlaryny, wezipelerini, ýoluny we gurallaryny, şeýle hem garaşylýan netijeleri beýan edýär.
Konsepsiýada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlendi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Karara gol çekmegi bu ulgamda möhüm ädimleriň biri boldy, onuň baş maksady bu ugurda möhüm wezipeleri çözmekden ybaratdyr. Toparyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklandy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlendi.
Häzirki döwürde döwlet edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň bir ýere jemlenen saýtlary her ministrligiň we pudaklaýyn edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçmegiň derejesini anyk görkezýär. Aragatnaşyk hyzmatlary, awtomobil we demir ýol ulaglary, jemagat hyzmatlary, birnäçe bank işleri boýunça tölegleri onlaýn arkaly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Aşgabatdaky Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda «Sanly çözgüt — IT-meýdança» hojalyk jemgyýeti döredildi.
Şol sanda web-saýtlary döretmek we elektron resminama dolanyşygyny girizmek boýunça işleri ýerine ýetirmäge zerur bolan halatynda ýurdumyzyň edaralary, bu ugurda iş alyp barmaga hukugy bolan telekeçiler çekilip bilner. Amala aşyrylýan çäreler IT-hünärmenleriniň hem-de maksatnama üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylaryň milli mekdebiniň döredilmegine we şolara goldaw berilmegine gönükdirilendir.
Ýurdumyzda tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de şolary ornaşdyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan IT-kompaniýalary bar. Olardan «Sanly çözgüt — IT-meýdança», «Asman oky», «Berk ojak», «Türkmentehnogurluşyk», «Belgi», «Kuwwat merkezi» we başga-da birnäçe kompaniýalary bellemek bolar. Olar Türkmenistanyň IT-hyzmatlary bazarynda birnäçe ýyl bäri işleýärler we oňyn tejribe topladylar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini elektron görnüşe geçirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu ugurda tapgyrlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirleriniň saýtlarynyň döredilmeginiň syýasy we ykdysady ähmiýeti bardyr. Şeýle hem saýt diňe bir ýazuw maglumatlaryny däl, eýsem, ses ýazgylaryny, anyk wagt esasynda wideorolikleri we beýleki maglumatlary bermäge mümkinçilik berer. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň içerki maglumat bazarynda bäsdeşligi artdyrar we olaryň dünýä media bazaryna çykmagyna şert döreder.
Şeýlelikde, Türkmenistan sanly ykdysadyýete geçmek meselesine taýýarlykly geldi. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, zerur düzümiň, IT-kompaniýalaryny ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, işgärler bilen üpjünçilik we başga-da köp sanly şertler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Serdarymyzyň dowam edip durmuşa geçirýän Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk beýan edilen maksatlaryň ýerine ýetirilmegini tizleşdirer.
Mähriban ŞYHMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.