Gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýär. Taryhda Aşgabat şäheri eziz Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän möhüm senetçilik we söwda ýollarynyň çatrygynda, gözel Köpetdagyň eteginde ýerleşip, gadymyýetden häzirki wagta çenli täzeçillikleriň, öňdebaryjy pikirleriň giňden durmuşa ornaşdyrylýan sebitleriniň biri bolupdyr. Bu günki günde hem paýtagt şäheriň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatçylyk söýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalýar. Aşgabat ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Şunlukda, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň merkezi, döwletimiziň baş bilim we medeni merkezi bolup durýar. Sanlyja ýylda paýtagtymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk gözel binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryň giden hatary dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary, ak şäherimiziň dünýäniň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň miwesidir. Paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilen gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri bendi edýär. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, paýtagtymyz Aşgabat, ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 25-nji maýy – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzda dabaraly baýramçylyk çäreleri giňden bellenilýär. Bu günki günde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna «Dünýäniň iň belent flagştogy», «Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi binagärlik aýratynlygy bilen iki tarapy ýörite aýna bilen örtülen Oguz hanyň ýyldyzy, şonuň ýalyda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen gölüň şekili, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň münberindäki ahalteke bedewiniň çeper keşbi hem-de Sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi girizilendir. Umuman gözel paýtagtymyzda bina edilen birnäçe ajaýyp desgalar bu ady agzalýan meşhur kitapda ajaýyp orun alýar. Munuň şeýle bolmagy biziň her birimizi diýseň buýsandyrýar. Umuman, Aşgabat şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iri syýasy-dolandyryş, söwda, medeni we ylmy merkezi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we onuň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar.
Biz hem 25-nji maýy – Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys! Biz ýaşlara okamana, işlemäne, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Myrat GOŞAÝEW,
“Türkmendemirýollary” agentliginiň
Magtymguly adyndaky ilkinji
Ýaşlar guramasynyň başlygy.