Biziň hemmämiz ömür atly uzyn ýoluň ýolagçysy. Şol ýoluň dowamynda boljak zatlar, esasan biziň özümize bagly. Biziň barymyz bolsa durmuşdan diňe gowy zatlara garaşýarys. Maksatsyz adam edil duzsyz tagam ýalydyr. Şol sebäpden hem öňümizde hökman maksat goýalyň. Emma ähli döwletli maksatlaryň ylym-bilim, pähim-paýhas, edep-terbiýe bilen aýrylmaz baglydygyny ýatdan çykarmalyň. Diýmek biziň ýagty geljegimiz mekdepde, maşgalamyzda, jemgyýetde aljak bilim-terbiýämize bagly. Eger ömür atly ýolumyz netijesiz geçse ol diňe öz ýaşlygymyzdyr. Ömrümizi boş geçirmäliň. Goý biziň ömrümiz manyly hem ähmiýetli bolsun. Okalyň, öwreneliň biziň öz ykbalymyzyň eýesidigimizi unutmalyň.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.