BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

Çagalary goramak, terbiýelemek, olara uly üns bermek türkmen halkynyň iň asylly häsiýetleriniň biridir. Ýurdumyzda çagalary goramagyň güni mynasybetli birnäçe çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Jemgyýetçilik howpsuzlyk müdirliginiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we ýaşlaryň arasyndaky hukuk bozulmalaryň öňüni alyş bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Aşgabat seýilgähinde aýdym-sazly dynç alyş çäresi geçirildi. Bu çärä paýtagtymyzyň körpeje çagajyklary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda aýdym sazly, sorag-jogaply çykyşlar bolup, çäräniň ahyrynda körpeje çagajyklara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Amanberdi ANNABERDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medenýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI