Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmegi we çagalaryň hukuklaryny goramakda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, ata-babalarymyzyň pähim-parasatly, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp-hünärli nesilleri kemala getirmegi döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerine öwürdi. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmek, döwletimiziň her bir ýaşaýjysynyň bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş neslimiz hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň ruhy hem beden taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň üpjün edilmegi, döwrebap bilim we terbiýe almaklary, dünýägaraýyşlarynyň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, sagdyn endiklere eýerip, mynasyp bagtly durmuşda ýaşamagy babatda ähli şertler döredilýär.
Her ýylyň 1-nji iýunynda ýokary derejede Çagalary goramagyň halkara gününiň bellenilmegi we çagalaryň parahat, abadan durmuşda ýaşamagy babatdaky yzygiderli aladalar körpe nesil babatdaky aladalardan aýdyň nyşandyr. Şol gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda seýilgählerde, medeni dynç alyş ýerlerinde durmuşyň gülleri bolan çagalaryň medeniýetli dynç alyşy üpjün edilýär. Olaryň şadyýan gülki sesleri has belentde ýaňlanýar.
Körpe nesilleriň her bir pursadyny şadyýan geçirmäge we olaryň bagtyýar geljegini üpjün etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň esasy hünärmeni.