WELOSIPED — DÖWREBAP ULAG

Bütin dünýäde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda  her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped  gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Häzirki wagtda welosportuň ösdürilmegine uly üns berilýär. Welosport bilen meşgullanmagyň beden we ruhy taýdan saglyga ýetirýän oňyn täsirlerini ýaşlara düşündirmek we sport bilen, aýratyn-da welosport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanyny köpeltmek maksady bilen ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet başlangyçlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem işjeň gatnaşýar. Hut şu maksat bilen ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlary, sport ýaryşlaryny, welosipedli gezelençleri yzygiderli guraýar. Munuň özi ýaşlaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, watançy nesiller hökmünde kemala gelmeginde oňyn täsir edýär.

Taryhy maglumatlara ser salanyňda, ilkinji welosiped 1817-nji ýylda döredilip, ilkibada iki tigirli samokada meňzeş, iteklenip sürülýän görnüşde bolupdyr. Ol «ylgamak üçin maşyn» diýlip atlandyrylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen somokat has-da kämilleşdirilip, 1884-nji ýylda çarhly welosiped döredilýär we 1885-nji ýylda çykarylyp başlanýar. 1890-njy ýylda bolsa köpgünlik weloýaryşlar uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Ilkinji ýaryş Pariž-Brest-Pariž 1200 kilometr aralygynda geçirilipdir. 1896-njy ýylda welosport Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdir. Welotrek boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek 1893-nji ýylda Çikagoda, şosse welosporty boýunça bolsa 1921-nji ýylda Kopengagen şäherinde geçirilipdir. Sportuň bu görnüşi boýunça Aziýa çempionaty ilkinji sapar 1963-nji ýylda gurlupdyr. Welosiped boýunça halkara welosiped sürüjiler birleşigi 1900-nji ýylyň 14-nji aprelinde esaslandyrylýar.

Şol wagtlar Türkmenistanda hem welosiped sürmek, şeýle-de welosiped ýaryşlaryny geçirmek uly meşhurlyga eýe bolupdyr. 1894-nji ýylyň 5-nji aprelinde Aşgabatda welosiped söýüjileriň jemgyýeti döredilipdir.

Meýlis DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI