5-NJI IÝUN DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTIN DÜNÝÄ GÜNI

Ynsanyň sagdyn iýmitlenmeginde, dem almagynda, suwsuzlygyny gandyrmagynda, pasyllara görä howa uýgunlaşmagynda tebigatyň ornunyň näderejede uludygy hemmä mälimdir. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretlerini nazara alyp, ähliumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni öz taryhyny 1972-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen maslahatdan alyp gaýtmak bilen, döwletleriň we halkara bileleşiginiň ekologik syýasatynda örän möhüm orun aldy. Şol döwürden başlap, bu sene hökümetleriň, döwlet we hususy pudaklaryň, raýat jemgyýetiniň düýpli ekologiýa meselelerini çözmek üçin köpugurly tagallalaryny birleşdirip, tebigaty goramak babatda çäreleri geçirmekde iň meşhur gün hökmünde belli edildi.

Tutuş Ýer ýüzünde bolşy ýaly, Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar.

Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli amal etmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ilat üçin oňyn şertleri döretmek maksatly, dowamly we strategik işler dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky çagyryşlaryna, tagallalaryna doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek ugrunda ýadawsyz aladalary ynsan saglygyna oňyn täsir edýän amatly daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamagyň, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň baş wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam edýär.

Türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek ugrunda ýadawsyz aladalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Indiki makala

SALAM TOMUS!

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI