SALAM TOMUS!

Ata Watanymyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda yklymlara görelde, asyrlara nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar. Ýurt abadan, il agzybir bolanda, durmuş ajaýyplaşyp, aý-günler bolsa toý-baýramlara beslenýär. Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda çagalaryň we eneleriň hukuklary döwlet tarapyndan goralýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, çagalar, biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, Diýarymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar.

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň okuw ýylyny tamamlap, tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we peýdaly geçirmekleri ugrunda aladalar edilýär. Şu ýyl hem iýun aýynyň başlanmagy bilen, belent daglaryň jülgesinde ýerleşýän Gökderede, dünýä meşhur «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem sebitlerimizdäki döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde ýatdan çykmajak pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Gökderede, welaýatlarda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň birinji tapgyry baýramçylyk nygmatlary we şowhunly çäreler bilen mähirli garşylandy. Türkmen halk ertekileriniň, rowaýatlaryň gahrymanlarynyň lybaslaryny geýnen mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly dabaraly ýörişi ähli sagaldyş merkezlerini gurşap aldy.

Goý, şeýle işleriň sakasynda durup, bagtyýar nesilleriň aýdyň geljegi üçin dünýä nusgalyk işleri amal edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Güljeren NURLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI