«ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI» ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI

Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guramagynda «AŞGABAT» seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Geçirilen çärede çagalar üçin aýdym-sazlar, tanslar ýerine ýetirildi hem-de türkmen we daşary ýurt ertekilerinden, multifilmlerinden sorag-jogaplar guraldy, oýunlar oýnaldy. Dabarada Türkmen Döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde sahna oýunlarynyň görkezilmegi oňa gatnaşyjy körpe nesillere aýratyn täsir etdi. Şeýle hem aýdym-sazly, bäsleşikli dabara işjeň gatnaşan körpejelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem dabaraly gowşuryldy.

 

Annamuhammet HÜMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Öňki makala

SALAM TOMUS!

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 980 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 1145 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI