Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri, sport we döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda gurulýan döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar.
Körpe nesilleriň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli çagalar sagaldyş-dynç merkezlerinde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter merkezleri, el iş gurnaklary, teatr we şekillendiriş studiýalary, kitaphanalar göz öňünde tutulan.
Hut şol maksat bilen, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň guramagynda «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Sport — saglygyň gözbaşy» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Sport bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Mährijemal ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.