AŞGABAT-PARAHATÇYLYGYŇ MERKEZI

AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNÜNE

Gözellik ynsana ylham berýän bolsa, ruhubelentlik eçilýän bolsa, onda şol gözellik mermer paýtagtymyzda bar we bu biziň ählimizde buýsanç döredýär, ruhubelentlik paýlaýar. Ak mermer paýtagtymyz Aşgabadyň nusgalyk häsiýeti aýratyn simwoliki mana eýedir. Şeýle häsiýetnama berilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Hakykatdan hem Aşgabat birek-birege mähirli gatnaşyklaryň, dostlugyň, söýgüniň, ählumumy howpsuzlygyň we asudalygyň şäheri. Ol asylly däpleriň dowam etmegiň beýany bolan şähere öwrülýär. Şeýle görkezijiler gönüden-göni bütin ynsanyýetiň öňünde goýulan ählumumy maksatlara doly laýyk gelýär. Bu bolsa Aşgabadyň dünýä nusgalyk şäherdigini alamatlandyrýan subutnama bolup durýar.sebitde parahatçylygyň we özara ylalaşygyň merkezi hökmünde dünýäde ykrar edilýär.

Bu gözel künjekde halkara maslahatlar we forumlar yzygiderli geçirilýär. Özgerýän paýtagtymyz abadançylygyň, gülläp ösüşiň we parahatçylyk söýüjilik hyzmatdaşlygynyň ýokary hil derejä çykýan merkezi hökmünde tanalmak bilen, köp sanly halkara forumlaryň, duşuşyklaryň we maslahatlaryň üsti bilen, ajaýyp mümkinçiliklerini dünýä aýan edýär. Bu bolsa dünýäniň abraýly kompaniýalaryny, işewürlerini, bilermenlerini, ylym, bilim, medeniýet ulgamynyň wekillerini, alymlary, jahankeşdeleri özüne çekýär.

Gözel paýtagtymyz arkaly ählumumy dostluk, parahatçylyk, abadançylyk, özara agzybirlik, birek-birege raýdaşlyk berkidilýär. Oňyn belent maksatlary durmuşa geçirmekde sebitde we dünýäde uly abraýa eýe bolup durýan paýtagtymyz bu günki gün dünýäniň üns merkezinde.

Gözümiziň alnyndan özgerýän gözel paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda özgerýän we gül açýan paýtagtymyz Aşgabatda bu günki gün dünýäniň iň ösen binagärlik çözgütlerini özünde jemläp, özüniň täsinlikleri bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alýar.

Häzirki zaman bina gurmagyň täzeçillik pikiri paýtagtymzyň ak mermerli binalarynda jemlenýär. Bu ajaýyp gözel görkli binalary göreniňde gözüň dokunýar.

Bu binalarda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, ýokary binagärlik çözgüdi we öňdebaryjy binagärlik pikirleri jemlenýär.

Bu gözel paýtagtda ýaşamak bagty kalbyňy gurşap alan, döredijilikli zähmetiňe höwes döredýär, ylham berýär. Gurşap alan ajaýyplyklar, adamlaryň birek-birege mähirli mynasybetli, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň giň gerimi, döredilýän mümkinçilikleriň gurşawy, paýtagtymyzyň her bir ugur babatda amatlylyga eýe bolmagy — bularyň ählisi bagtyýar zamanymyzyň aýdyň alamatlary bolup, tutanýerli we döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Şunlukda, adamlar eşretli durmuşyň hözürini görüp, gülläp ösýän parahat we abadan ýurtda ýaşaýarlar, zähmet çekýärler, Watanymyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Aklyk hoşniýetligiň we päkýürekligiň alamaty. Şundan ugur alsak, şeýle ajaýyp niýetler ak mermer binalar bilen sazlaşýar. Çünki ak bagtly binalarda ýürekleri Watan söýgüsi bilen deň gadam urýan raýatlarymyz ýaşaýarlar, zähmet çekýärler.

Bizi bagtyýarlyga ýetiren, bolelin, abadan we parahat durmuşda ýaşamak üçin uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Şeker HAÝTANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY