AŞGABADYM – GÖWÜN ŞADYM

Adam mydama arzuwda ýaşaýar. Onuň gözellige teşne gözleri bolsa gözelligiň gözleginde. Aşgabadyň ajaýyp, nurana keşbini görenler oňa hemişelik aşyk bolýarlar. Belent-belent ymaratlarda ýaşap, gijelerine giň penjiräni açyp, ak guşuň ganaty ýaly ýaýylyp ýatan gözel paýtagtymyzy synlanyňda, ilkinji gezek görýän ýaly, esli wagtlap doňup galýarsyň. Göýä, ertekilerdäki ýaly, köşki-eýwanlary ýadyňa salýan dürli maksatly binalar diňe bir içiniň ýokary amatlyklary bilen-de däl, eýsem daşky gözelligi, täsinligi bilen-de özüne çekýär. Ilkibaşda kiçeňräk oba bolan Aşgabat geçen taryhy döwrüň içinde ösüp-örňäp häzirki derejesine ýetdi. “Adam eli gyzyl gül” diýleni, birwagtky obanyň ornunda ajaýyp döwrebap, häzirki zaman şäheri kemala gelip, Aziýanyň merjen şäheri adyna eýe boldy. Gözel Diýarymyzyň ýüregi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň owadan, bagtyýar ýaşaýyş üçin ähli amatlyklaryň jemlenen ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi. Bu günki günde merjen şäherimiz myhman bolan her bir adamyň ýüreginde ýakymly duýgulary döredýär.

Aşgabat – parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, söýgüniň we bagtyň şäheri. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabadyň dünýäde ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi halkymyzda çuňňur begenç we buýsanç duýgularyny döretdi. Şol seneden bäri, ýagny her ýylyň 25-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäheriniň güni dabaraly bellenilip geçilýär.

Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri halkymyzyň şan-şöhraty bolup, äleme meşhurdyr. Aşgabat ajaýyp köşkleri, belent binalary, dürli ähmiýetli desgalary bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň, gurluşyk pudagynyň häzirki ýeten derejesiniň nusgasy hökmünde inžener-tehniki pikiriň öňdebaryjy üstünliklerini we asyrlar boýy dowam eden milli binagärligiň däplerini özünde jemleýär. Paýtagtymyzyň şeýle ösüş-özgerişleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallalaryndan, beýik başlangyçlaryndan, paýtagtymyzy mundan beýläk hem iň gözel hem-de arassa şäherleriň birine öwürmek boýunça belent sepgitleri nazarlaýan maksatnamalaryndan gözbaş alýar.

Döwletimiziň ähli raýatlarynyň göz-guwanjy, şonuň bilen bir hatarda jahankeşdeleriň görmegi arzuw edýän merjen paýtagtymyz gözelligiň, arassalygyň, binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasyna öwrülýär. Aşgabat gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen çägini giňeldip, bagy-bossanlyga öwrülip, gözelleşip, ajaýyp keşbi bilen görenleri haýran galdyrýar. Şeýle gözellikleri görüp, şeýle ajaýyplyklara şaýat bolanyňda eziz paýtagtymyza “Gündogaryň merjen şäheri” diýilmeginiň many-mazmunyna göz ýetirýärsiň.

Ynsan eli bilen gurulýan şeýle ajaýyp şäheri göreniňde bagtyýar döwrümize bolan guwanjyň, buýsanjyň artýar. Ak şäherimiz Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözümiziň alnynda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Biz günsaýyn özgerýän, gözelleşýän paýtagtymyzyň şeýle beýik ösüşleriniň şaýady bolýarys. Paýtagtymyz sözüň doly manysynda gözelligiň hem-de ajaýyplygyň şäherine öwrüldi.

Dünýä parahatçylyk, ynanyşmak nuruny çaýýan Aşgabadyň häzirki zamanyň iň gözel, ajaýyp şäheridigine biziň her birimiz aýdyň göz ýetirýäris. Dünýä derejesinde möhüm çäreleriň, zemine parahatçylyk şemalyny çaýýan halkara maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen, bagtyýarlygyň we gönezligiň şäheri bolan Aşgabat baky Bitarap döwletiň paýtagty hökmünde ildeşlerimiziň şeýle hem parahatçylygy söýüji, asudalyga sarpa goýýan ähli halklaryň göz-guwanjydyr, söýgüli şäheridir.

Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, abadançylygyň, ynsanperwerligiň, beýik ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Amala aşyrylýan giň gerimli işleriň çäklerinde ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň tutýan orny has ýokarlandy. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki bitirilýän beýik işler, amala aşyrylýan iri taslamalar ak şäherimiziň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýar.

Ady asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän paýtagtymyzyň beýik ösüşleri halkymyzyň kalbynda uly buýsanç duýgularyny  döredýär. Paýtagtymyzyň maddy we ruhy medeniýetinde, ýadygärliklerinde, milli gymmatlyklarynda halkymyzyň şöhratly taryhy, şu günki beýik eýýamy dabaralanýar. Aşgabat ösen binagärlik keşbi bilen, täzelikleri ornaşdyryjy, milli binagärligiň, dünýäniň täze gazananlaryny işjeň durmuşa geçirýän ajaýyp şäher hökmünde jahanda giňden tanalýar. Türkmen paýtagtynda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, halkara maslahatlara, sport ýaryşlaryna, dürli ähmiýetli gurluşyk işlerine dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bildirýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly başlangyçlary esasynda mermer paýtagtymyz juwan görünýär. Juwanlygyň, aklygyň, gözelligiň iň ajaýyp nusgasy bolan Aşgabat şäherimiziň dowamaty dowam bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” alyp barýan il bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY