AK ŞÄHERIM AŞGABADYM

Aşgabat gözelligiň, söýgüniň, döredijiligiň we şadyýanlygyň şäheridir. Ak mermerli binalar, dürdäne aýdymlara sazlaşýan suw çüwdürimleri paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Gözel Aşgabat barha ösýär, gülleýär, gül açýar. Şeýle gözelliklerde seýil etmek, synlamak — munuň özi ynsan üçin bagt dälmi eýsem?! Gözel Aşgabat her bir ynsanyň ýüreginde joşgun döredýär, ylham berýär.

Ir säherden örüp, kimler okamaga, kimler işe ugur alýar. Adaty endigi bilen ädimläp işe howlugýan her bir adamyň ýüregi zähmet çekmäge höwrügýär. Aşgabat şeýle bagtyýar pursatlaryň möwç urýan mekany.

Aşgabadyň gözelliklerini synlanyňda göwnüň joşýar. Watana, Halka, Hormatly Prezidentimize bolan söýgiň barha artýar. Göwün derýasynda ýüzýän köňül ylhamyňda aýtýan ajaýyp buýsanjyňy beýan etmäge howlugýaň. Maşgalaň bilen agzybirlikde bir saçagyň başyna jem bolmak döwletlilikden nyşan. Şeýle bagtyýar maşgalalaryň şatlygyny görmek buýsanjyň artdyrýar. Gözel paýtagtymyz bolsa şeýle bagtyýar maşgalalaryň mekany.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli äheňde döwrebaplaşýan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň nurana keşbi her bir adamda ýakymly täsir galdyrýar. Şeýle bagtyýar pursatlary bagyş edýändigi üçin biziň her birimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bimöçber alkyş aýdýarys. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Altyn HOJAMOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap

Pensiýa gaznasy bölüminiň başlygynyň kätibi,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY