Gözbaşy asyrlaryň jümmüşine tarap uzap gidýän türkmen halkymyzyň dünýä ýüzüne meşhur bolan halyçylyk sungaty hem öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Halyçylyk sungatynyň döreýiş taryhy halkymyzyň taryhy, milli medeniýeti, ýaşaýyş durmuş şertleri, tebigy howa şertleri bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Owadanlygyň, nepisligiň, gaýtalanmajak gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan türkmen halylarymyz, halyçylyk sungatynyň dürli döwürlerdäki ösüşleri çeper edebiýatymyzda hem örän çeperlik bilen suratlandyrylýar. Munuň şeýledigini bolsa halk döredijiligimiziň dürli görnüşlerinde — rowaýatlarda, hekaýalarda, yrymlarda, nakyllardyr atalar sözlerinde halylar bilen baglanşykly maglumatlar diýseň kän. Irki döwürlerde hem halkymyzyň halyçylyk sungatyna, halyçy gelin-gyzlarymyza goýýan-gadyr gymmatynyň juda ýokary derejede bolandygyny taryhy maglumatlara ser salanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen haly önümçiligini dikeltmekde, bu inçe sungaty ösdürmekde düýpli işler geçirilip, halylaryň nusgawy görnüşleri täzeden dokalýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde türkmen halkynyň ruhuny, maddy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmäge, dikeltmäge, ösdürmäge hem-de wagyz etmäge giň ýollar açyldy. Bir söz bilen aýdanymyzda Berkarar Watanymyz ene-mamalarymyzyň el hünäriniň gymmatly mirasy bolan halyçylygyň, onuň reňk-öwüşginleriniň, ajaýyp gölleriniň, nagyşlarynyň, gadymy nusgalarynyň dikeldilýän zamanasyna öwrüldi.
Milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary halyçy zenanlarymyza aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.