Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşlerini mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri döwrüň zerur meseleleriniň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär, ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasaplaýar. Olaryň döredijilik hyjuwlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär. Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli düzümleýin taslamalar talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag merkezi, kämilligiň binýady bolup durýar.
Jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda halkymyzyň däp-dessurlaryny aýamak we dikeltmek, ruhy baýlygymyzy artdyrmak meselesine ähmiýet berilýär. Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarda milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmany, guwanjy we buýsanjy döretmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenilýär. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesli terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir.
Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, tebigata, daşky gurşawa aýawlylyk, jogapkärçilik ýaşlarda irki döwürlerden kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan päk terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň hem-de doly derejede döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Ýaşlaryň syýasy, ykdysady we medeni gözýetimlerini giňeltmegiň, olaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermegiň, ylym-bilime höweslendirmegiň, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladanyň ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmelerimiziň, ýaşlar syýasatynyň özeni bolup durmalydygynyň möhümdigini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleri türkmenistanly ýaşlaryň orta bilim hakyndaky şahadatnamalarynyň, ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň bütin dünýäde ykrar edilmegi üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän bilim almaga mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurduň halk hojalygynyň, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli taraplaryny gurşap alan özgertmelere goşant goşmaga ukyply hünärmenlere bolan ösen islegini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Orta we ýokary okuw mekdeplerini özgertmegiň esasyna milli ruhy gymmatlyklar, iň gowy şahsy tejribeler bilen bir hatarda, şu ugur boýunça bütin dünýäde gazanylan netijeler hem goýlandyr.
Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň sanly tehnologiýalary babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipeleri giň möçberlidir. Bular sanly bilimiň innowasion çeşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen şertlenýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň ösüşlerini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň çuňňur many-mazmuny bar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmeginiň özboluşly ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň maddy enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olarda zerur enjamlaryň ornaşdyrylmagy, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň we usulyýetleriniň işe girizilmegi bu ugurda mugallymlara ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn ähmiýet bermegi netijesinde ýokary bilim berýän okuw mekdepler döwrebap okuw serişdeleri we täze tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.
Ýaşlaryň öňünde durýan anyk wezipeleri, olaryň işleriniň esasy ugurlaryny, türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýhas ummany bolan eserlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne laýyklykda wagyz etmek ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň dünýäsine içgin aralaşdygyça, bilim-terbiýe hazynasynyň bahasyna ýetip bolmajak ummanyna düşýärler. Bu örän möhüm işde jemgyýetiň ruhy durmuşynyň we her bir adamynyň içki dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýaşlarda belent ahlak häsiýetleriň kemala gelmeginde türkmen halkynyň özboluşly milli medeniýetiniň orny uludyr. Ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň rowaçlanmagy, halkyň mundan beýläk-de abadan durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegi köp derejede ýaşlaryň akyl-paýhasyna, ukybyna, döredijilikli zähmetine we ylhamyna baglydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylmy ösüşlere giň ýol açmagy, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrýan netijeli we düýpli işleri geljegimiz bolan ýaşlar baradaky beýik işlerdir. Bu beýik işler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň bedew bady bilen ösmegine, öňe, diňe öňe gitmegine badalga berýär.
Güljemal SOLTANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň mugallymy.