TOÝLAR TOÝA ULAŞÝAR

Ýurdumyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup dünýä ýaň salýar. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreler geçirilýär. Bu günki günde beýik akyldaryň arzuwlan bagtyýar zamanasy hasyl boldy. Şahyr Watana, mähriban halkyna çäksiz söýgini, agzybirligi, birek-birege hormat-sarpa goýmagy ündeýän şygyrlary bilen halkyň köňlünde mydamalyk orun aldy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bardyr.

 

Bahar ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 980 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 1145 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI