Şeýle şygar bilen, ýakynda körpe nesillerde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmäge, sport bilen meşgullanmaga höwes döretmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 148-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpejeleriň gatnaşmagynda «Biz bagtyýar çagalar» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi.
Körpeje çagalaryň arasynda ylgamak, tanap çekmek, halkadan-halka bökmek, topy bir-birine geçirmek ýaly görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda ýeňiji bolan körpelere we beýleki gatnaşyjylara gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Humaý ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.