Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda çagalaryň we eneleriň hukuklary döwlet tarapyndan goralýar. Diýarymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, belent daglaryň jülgesinde ýerleşýän Gökderedäki «Nebitçi» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hem ýatdan çykmajak pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Merkezde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirip, bu ýerde kitap okamak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, surat çekmek, küşt oýnamak, suwda ýüzmek, aýdym aýtmak, saz çalmak, sport bilen meşgullanmak bilen wagtlaryny gyzykly geçirýärler.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin nusgalyk işleri amal edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Näzik ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.