ATA KESBI HORMAT GETIRÝÄR

Ynsanyň durmuş ýoly baradaky oçerkleri ýazmagy ykbalyma öwrenimdenmi ýa-da öz saýlap alan awtomobil hojalygy hünärimi juda söýýänligimdenmi bilemok, elmydama täsin zadyň gözleginde, iş bilen gümra bolup ýörün. Hoş habarlary, täsin maglumatlary okyjylara ýetirmäge howlugýaryn. Käbir adamlaryň hünärine öwrülen, ussat sürüjileri özünde jemleýän täsin eserleri barada ýazmak hem juda jogapkärçilikli we gyzykly. Halkymyzda «Ata kesbi ogla halal» diýen pähim bar. Ata kesbini dowam etdirip, ussatlyga ýetişýän ýaş sürüjileriň köpdügi örän buýsandyrýar. Hut şolaryň tagallasy bilen halypa-şägirtlik ýoluna daýanýan kesp-kärler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda zähmet gaýnap-joşýar. Arman-ýadaman çekilýän zähmet özüniň aýdyň netijesini görkezýär. Şeýle zähmet üstünliklerinden paýly, awtobus dolandyrýan ýaş we halypa sürüjileriň ençemesi «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde hem yhlasly zähmet çekýärler. Bu ýerde şu ulgamda alty ýyl bäri zähmet çekýän, «Halka hyzmat — Haka hyzmat» diýen şygary özüne ýörelge edinen ýaş awtobus sürüjileriň biri-de Anwar Döwletowdyr. 1991-nji ýylda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda dünýä inen Anwar Döwletow ilkinji zähmet ýoluny 2017-nji ýylda başlady.

Anwar demire bolan höwesi çagalykda döräpdi. Elbetde, hünär saýlamaga gezek gelende, elmydama kimdir biri, nähilidir bir ýakymly waka sebäp bolýar. Belki, ähli ýerde özi üçin nusgalyk görelde bolup durýan iň ýakyn adamynyň ýörelgesi Anwaryň awtobus sürüjilik kesbini saýlamagyna öz täsirini ýetirendir. Anwaryň kakasy Abdylla aganyň peder ýoluny dowam etdirip, sürüjilik ýoluna 34 ýyl dagy boluberipdir. Ýaş sürüji bu ugurda kän ýyllar yhlasly zähmet çekdi, kämilleşdi. «Ata kesbi ogla halal» diýenleri çyn boldy. Bu ýörelge olaryň hemmesine hem hormat-sylag getirýär. Kakasynyň aýtmagyna görä, ol, heniz 7-8 ýaşlaryndaka ulaglaryň ähli görnüşleriniň atlaryny, olaryň ýerine ýetirýän işlerini suwara bilýärdi. Bu onuň geljekde ussat sürüji boljakdygyndan habar berýärdi. Awtobus sürüjilik käri — Döwletowlaryň ata-baba dowam edip gelýän kesbi. Ýaş sürüji bu ugurda kän ýyllar yhlasly zähmet çekdi, kämilleşdi. Anwardan ilkinji halypasynyň kimdigini soranymda, ol «kyblam» diýip buýsanç bilen jogap berdi. Islendik hünärde belli bir derejede taplanmak üçin wagt bilen birlikde, irginsiz zähmet gerek. Dolandyrýan Hyundai new aero city kysymly awtobusuna ynamly erk edip, bilmeýän zatlaryny halypalaryndan öwrendi. Her gezekki şäher içi gatnawyndan soň, awtobusynyň arassaçylygyna seredip, kem-köstüni sazlap, awtoulagynynyň tehniki ýagdaýyny doly gözden geçirip, garaz, ertirki gatnawyna taýýarlap gaýdýardy. Anwaryň bu işler endige öwrülipdi. Elbetde, awtobusyň sürüji bolmak köp jogapkärçiligi talap edýär. Sebäbi her günde azyndan ýüzlerçe adamyň jan saglygyna, rahatlygyna-da jogap bermek sürüjiniň paýyna düşýär. Ýolagçylar bilen mylakatly gürleşmek, olaryň her birini barmaly ýerleriniň golaýyndaky duralgalara howpsuz eltmek, köçe ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmek sürüjiden edilýän esasy talaplaryň biri bolýar. Işiň aňsady ýok, ýöne Anwar ähli babatda öz işini ussatlarça dolandyrdy. Öz ugrundan bilýänlerini işe täze gelen ýaş sürüjilere uly höwes bilen öwretdi. Anwar ömrüniň şonça bölegini bu ulgama bagyş eden, awtobus bilen bagry badaşan sürüjidir. Ol awtomobil ulaglary ulgamynda ençe ýyllaryň dowamynda zähmet çekip taplanan, ýaş sürüjilere görelde görkezýän halypa hökmünde tanalýar. «Guş ganatsyz bolmaz, adam — arzuwsyz» diýlişi ýaly, çagalykda awtobus dolandyrýan sürüji bolmak arzuwy onuň ykbalyny awtomobil ulgamyna baglamagyna itergi berýär. Işine bolan söýgüsinden lezzet alyp, zähmet üstünliklerine ýetmek arzuwy ýaş awtobusçyny biparh goýmaýar. Geçen ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly zähmeti bilen tejribe toplan, öz käriniň ussady bolan Anwar häzirki wagtda ýaş awtobusçylara, awtobus sürüjilerine halypalyk hem edýär. Elbetde, käre yhlas bilen ýapyşsaň kämillige-de ýetip bolýar, abraý-hormat hem gazanyp bolýar.

— Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň goldawlary, halal zähmet çekmegimiz üçin döredýän giň mümkinçilikleri, bize sowgat berýän ýolagçy awtobuslary döwrebap derejede bolup, olarda ýylyň islendik paslynda işlemeklige ähli amatlyklaryň döredilmegi we başga-da awtomobil ulgamynda amala aşyrylýan işler islendik ýaşda bolsaň hem, arman-ýadaman çekýän zähmetimiziň hözirini görüp ýaşamaga ruhlandyrýar. Onsoň bize hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, arassa, halal zähmetimiz bilen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, Watanymyza, halkymyza päk ýürekden hyzmat edip, ýurdumyzyň gülläp ösüşine goşandymyzy goşaýmak galýar — diýip, Anwar aga öz ýürek töründen çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Ýyllarboýy çekilen tutanýerli zähmet, edilen yhlas ýerine-de düşýär. Anwar ýaş sürüjiligine garamazdan, kakasyndan alan sürüjilik hünärini-de yhlas bilen özleşdirýär. Ussat halypadan — talapkär pederden tälim alýan perzendiň bildirilen ynamy kemsiz ödejekdigi, geljekde il içinde «ussat sürüji» ady bilen tanalýan idegli, atly sürüji bolup ýetişjekdigi ikuçsuz. Bu barada oýlananymda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Yhlasa — myrat», «Ata kesbi — ogla halal» diýlen nakyllar biygtyýar ýadyma düşýär.

 

Möwlam HAÝTGULYÝEW,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky

Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň«Türkmenawtoulaglary»

agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň

mehanigi, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2024 | 62 okalan

DÜNÝÄNIŇ SPORT ŞÄHERI

29 Oktýabr 2024 | 1576 okalan

ÝOGA