KÖŇÜLLERDE ORUN ALAN KITAP

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Şol dabaranyň öňüsyrasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň çapdan çykandygyny habar berdi. Bu taryhy wakanyň şaýady bolan ildeşlerimiz täze neşiriň ilkinji okyjylary boldular.

Şu günler ýurdumyzda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri türkmen, iňlis we rus dillerinde giňişleýin beýan edilýän bu kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Daşoguz welaýat häkimliginde hem türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen bu täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döreden täze kitapda ynsanperwerligiň beýik ýörelgesini görmek bolýar. Ýaş nesiller hakynda alada, olaryň sagdyn ösmegi üçin durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler täze neşiriň ähmiýetini, onuň elimize gowşan günündäki taryhy wakanyň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ähmiýetini nygtap, munuň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny giňden açyp görkezýändigini, ildeşlerimiziň bagtyýar döwrümize buýsanjyny has-da artdyrýandygyny bellediler.

 

Şakaka GAZAKOW,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI