Pisse maňzy antioksidant, antibakterial, antiwirus, sowuklama, çişlere garşy, agyry azaldyjy we antidiabetik häsiýetlere eýedir. Biziň ýurdumyzda pissäniň iki görnüşine duş gelmek bolýar. Bathyz pissesi we adaty pisse. Soňky dört ýylda türkmen hünärmenleri pisse we badam agaçlaryny ýetişdirmek boýunça ylmy-amaly işleri yzygiderli alyp barýarlar.
Gyş paslynda adam bedenine kalsiý we beloga baý bolan süýt, gatyk , peýnir, ýumurtga , et, towuk eti we balyk, bedene ýaramly önümler bolup durýar. Hoz, badam we pisse ýaly önümler hem köp keselleriň öňüni almakda peýdalydyr. Pisse barada aýratyn durup geçsek, pisse gadym döwürlerden bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Gadymy döwürlerde pisse bilen üsgülewük, ýürek bulanma, gaýtarma, içege agyrylary we bagyr keselleri ýaly keseller hem bejerilipdir. Häzirki zaman lukmançylygynda pisse hozy ysgynsyzlykda, döş kesellerinde we ganazlykda giňden ulanylýar.
Ýokary kaloriýaly pissäniň ýagjymak maňzynda magniý, sink, kaliý, marganes, mis, fosfor, şeýle hem B topar witaminleri ýa-da belogy siňdirmäge we ýaglary gidermäge mümkinçilik berýän, ýagny alyş-çalyşda esasy madda — biotin bar. Pissäniň düzüminde seleniň köp almagy bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirýär, eger-de bedene agyr metallaryň duzy täsir edýän bolsa, şol element zäherlenmäniň öňüni alýar.
Zübeýda GURTÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.