KESBIŇIZDEN KEMAL TAPYŇ!

Mälim bolşy ýaly, ýylymyzyň arzyly şygary türkmen ýaşlarynyň ykbalynda täzä sahypalary açdy. Bu ýylda zähmetkeş ýaşlaryň güýç kuwwaty artyp, dörediji ýaşlaryň ylhamlary has-da möwjedi. Biz hem şular barada ýylyň şygaryndan ruhy joşgun alyp, döwletli döwrümizi ýaýlymda, aýdym-sazly gepleşiklerde wasp etmekde işjeňlik görkezýän ýaşlaryň biri bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi yashlar.gov.tm internet saýtynyň okyjylaryna ýetirmegi müwessa bildik.

Biziň söhbetdeşimiz «Türkmen Owazy» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy hem-de alyp baryjysy Kemal Annaýew.

 

Kemal, söhbetdeşligimizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň ýaşlara berýän ylhamy hakynda başlasak!

―Elbetde, bu ýyl ajaýyp ady bilen, nyşany bilen köňüllere gaýtalanmajak belent ruh berýär. Ýaşlygyň güýji, ýaşlygyň ýakymy bu ýylda diňe bir ýaşlarda däl-de, ähli ýaşdaky raýatlara hem täsir edýär. Ak sakgally gojalarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň duýgularyny hem juwanlygyň ylahy güýji gurşapdyr. Munuň özi ýylymyzyň şanly şygarynyň göwünlere hem ömürlere juda uly täsirini ýetirendigini alamatlandyrýar. Biz ýaş döredijilik işgärleri üçin bolsa bu ýylyň ruhy gymmaty has-da üýtgeşik. Ýaşlyk ýyllarymyzda halkymyzyň ruhy galkynyşyny üpjün etmäge goşant goşýan döredijilik ugurly zähmetlerimizi artdyrmaga, yhlasly we netijeli işlemäge bu ýylyň beren ylhamy egsilmez.

Biziň bilşimiz görä, siz «Türkmen Owazy» teleradio ýaýlymynda halkymyzyň söýgüli gepleşikleriniň biri bolan «Arzuwly aýdymlar» atly gepleşigi hem alyp barýarsyňyz. Bu gepleşik hakynda nämeler aýdyp bilersiňiz?!

―Hawa, çagalykdan eden arzuwym alyp baryjy bolmak. Şonuň üçin hem talyplyk ýyllarymdan bäri ýaýlyma çykyp halkymyz halar, ilimize ýarar gepleşikleri alyp barmaga höwes bilen gatnaşýaryn we indi birnäçe ýyllardan bäri «Arzuwly aýdymlar» atly gepleşigi kärdeşim Akmämmet Berdimämmedow bilen gezekli tertipde alyp barmagy dowam edýärin. Bu gepleşik tomaşaçylarymyzyň islegleri, arzuwlary arkaly düzülýär. Isleg bildirilen şekilli aýdymlar ildeşlerimiziň doglan günlerine, şanly senelere, baýramçylyklara sowgat hökmünde ýaýlyma berilýär. Bellemeli ýeri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem bu gepleşikde aýdyň açylyp, ýollanylýan islegler we arzuwly hatlar gepleşigiň ýörite 0500 gysga belgisine gelip gowuşýar. Gepleşigiň awtorynyň ýolbaşçylygynda bu hatlar döredijilik topary bilen içgin öwrenilýär, biz bolsa olary uly höwes bilen okaýarys we režissýoryň tagallalary arkaly watandaşlarymyzyň hoş owazlara, aýdym-sazlara, şekilli aýdymlara bolan isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýarys.

Alypbaryjylyk sungaty köp ugurly zehini we başarnygy talap edýän bolsa gerek. Hünäriňizi kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleriňiz hakynda-da belläýseňiz.

―Islendik hünäri öwrenmek üçin ilki höwesiň, ynamyň, yhlasyň gerekdigini belläsim gelýär. Şol höwes-hyýalyň bolsa diňe bilim we halypa mekdebini görmek arkaly durmuşa geçirip bolýandygy aýdyň hakykat. Ýokary okuw mekdebinde okan ýyllarymyzda bize medeniýet we sungat ussatlary, kämil halypalar, Türkmenistanyň at gazanan artistleri, halk artistleri irginsiz tälim berdiler. Okuwymyz bilen utgaşykly telewideniýa gatnap, bu ýerde hem belli žurnalistleriň, halypa döredijilik işgärleriniň maslahatlary bilen dogry sözlemegi, ýaýlymda özüňi alyp barmagy, medeniýetliligi we köpçülik bilen işleşmegiň ýörelgelerini, ýaýlym sungatynyň aýratynlyklaryny öwrendik. Häzirki wagtda bolsa özümize bellenilen wezipeler bilen utgaşykly ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik wakalaryna ses goşmak maksady bilen dürli mazmunly edebi-sazly kompazisiýalary gurap hem olarda şahyryna çykyşlary ýerine ýetirýäris.

Kemal, ýaşlyk ýyllaryňda ata ýurduňa hyzmat etmegiň, wasp etmegiň, il-halkyňa derkar bolmagyň bagty başgaça bolsa gerek?!

―Dogry aýdýaňyz. Biz halypa Arkadagymyzyň «Halka hyzmat — haka hyzmat» diýen ajaýyp pähimine eýerip, işimizden boş wagtlarymyz watandaşlarymyzyň maşgala baýramçylyklaryny, toý-dabaralaryny alyp barmaga hem işjeň gatnaşýarys. Bagt toýuny toýlaýan ýaşlaryň arzyly pursatlaryna şatlyk goşmak, olaryň toý döwresini wasp etmek hem bize örän ýakymly pursatlardyr. Şeýle-de bu bize öz tomaşaçylarymyz, il-günümiz bilen has jebis gatnaşykda bolmaga gowy täsirini ýetirýär.

Geljekde öňde goýýan döredijilik makatlaryňyzy we ýagşy arzuwlaryňyz hem beýan etseňiz?!

―Şahyrana edebi sazly kompazisiýalary ýaýlyma taýýarlamak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okap tomaşaçylarymyza ýetirmek ýaly maksatlarymyz bar.

Goý, ýurdumyzyň toýly günleri sowulmasyn! Halkymyzyň şahandazlygy ýaşasyn! Belent halypalyk mekdebi bilen biz — ýaşlara nusga bolýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun!

Sag boluň, biz hem size aýdym-sazly täze tele gepleşikler bilen tomaşaçylary begendirmekde döredijilik üstünliklerini arzuwlaýarys we döredijilik söhbetleriňiz üçin hoşallygymyzy bildirýäris. Kesbiňizden kemal tapyň!

― Sag boluň!

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI