RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ EÝELERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň wekilleri ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar. «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýip belleýän Arkadagly Serdarymyzyň sagdyn, zähmetsöýer,watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek bilen bagly amala aşyrýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda maksatnamalaýyn we toplumlaýyn durmuşa geçirilýän işler ildeşlerimiziň her birinde gyzgyn goldaw tapýar.

Häzirki taryhy we şatlykly günlerde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023—2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» degişli Karary esasynda tassyklady. Munuň özi ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, çagalary okatmak, durmuşa taýýarlamak, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak ugrundaky döwlet syýasatynyň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Berkarar Watanymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, ýaş nesil hakda bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

 Jeýhun SAPARGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA