Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak , ilatyň ýokary ýaşaýyş- durmuş derejesini üpjün etmek babatynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlik-de Watanymyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmekde, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, sporty ösdürmekde alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen ynsanperwer ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar, öz başarnyklaryny görkezýärler we dünýä ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolup, türkmen Tuguny belende göterýärler.
Azat AÝTMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň «Döwletabatgazçykaryş»
müdirliginiň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.