Türkmen gelin-gyzlarynyň el işleri durşuna döredijilige, ylhama ýugrulan. Milli egin-eşiklerimiziň her birini synladygyňça, gelin-gyzlaryň uz barmaklarynyň çeperligine göz ýetirýärsiň. Ene-mamalarymyzyň el işleriniň gaýma, tara, basma, keşde ýaly görnüşleri biri-birinden ajaýyp.
Halkymyzda keşde ökdäni öňe çykarýar diýilýär. Ökde keşde çekmegiň syrlarynyň biri-de barmakdaky ýüwsedir. Ýüwse keşdäniň tekiz düşmegine hem-de eliň iňňe bilen ýaralanmazlygyna ýardam edýär. Onuň üçin ýüwseli işlemäge endik etmeli. Ýüwsäniň birnäçe görnüşleri bolup, olary tikmegiňem öz usuly bar. Eger ýüwse barmagyňa şaplaşyp durmasa onda onuň ölçeginiň bolmadygydyr. Ýüwseleri gadymy döwürlerde gaty gaýyşdan, ýüňden tikipdirler. Soňra bolsa galyň matadan tikmek ýörgünli bolupdyr. Ene-mamalarymyz täze iş öwrenýän gyzlara turuwbaşdan ýüwseli işlemäge endik etmegi ündäpdirler. Şonuň üçin «Ýüwseli barmak ýüwrük işlär, ýüwseli çekilen keşde ýylmanak bolar» diýipdirler. Çünki, ýüwse keşde çekýän esasy süýem barmagy deşilmekden, typmakdan gorapdyr. Dürli el işlerini ýerine ýetirmekde demir oýmaklar hem ulanylypdyr. Üýşmeleňlerde ene-mamalarymyz gelin-gyzlara elbukjanyň ýanyňdan aýrylmazlygyny, keşde çekilende elleriň tämizligini, çeperçiligi ündäpdirler. Şonuň ýaly dürli üýşmeleňlerde gelin-gyzlaryň el işlerini synlapdyrlar, olara degerli maslahatlary beripdirler. Elbukjanyň içi bolsa, dürli mata bölekleri bilen ululy-kiçili ýüwselerden doly bolupdyr. Eliňiz ýüwrük, keşdäňiz ýylmanak bolsun!
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap
Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.