2023-nji ýylyň 21—30-njy iýuny aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik geňeşiniň (HOG) Assambleýasynyň 32-nji mejlisi, onuň öňüsyrasynda bolsa 20-nji iýunda HOG-yň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 56-njy mejlisi geçirildi.
Bu forumlaryň işine Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanow hem-de Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýew gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Türkmen wekiliýeti 2021-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli Hökümetara okeanografik geňeşiniň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde, hususan-da Hazar deňzine ýakynlygy sebäpli Türkmenistanyň okeanografik gözleglere we ummanlary aýawly saklamak boýunça tagallalara çuňňur gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Ýurt deňiz biodürlüligine uly ähmiýet berýär we ony goramagyň zerurdygyny ykrar edýär. Kenarýaka sebitleri, şol sanda Hazar deňziniň kenarlary dürli görnüşleriň ýaşaýan täsin deňiz ekosistemalarydyr. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan deňiz baýlyklarynyň durnukly ösüşini gazanmak üçin okeanografiýa we hyzmatdaşlyk pudagynda gözlegleriň güýçlendirilmegine işjeň gatnaşmaga çalyşýar.
Mejlisiň gün tertibine, esasan, hasabatlara garamak we Hökümetara okeanografik geňeşiniň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Olaryň çäklerinde wekiliýetler maksatnamany durmuşa geçirmegiň häzirki ýagdaýy barada maglumat alyşdylar, hasabatlaryny hödürlediler we gazanylan netijeleri ara alyp maslahatlaşdylar.