2023-nji ýylyň 29-30-njy iýuny aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda bu guramanyň umumy konferensiýasynyň bäşinji adatdan daşary sessiýasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Bu adatdan daşary sessiýada Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew Türkmenistanyň adyndan wekilçilik etdi. Baş konferensiýa özüniň teklibi bilen ýa-da Ýerine ýetiriji geňeş tarapyndan çagyrylanda ýa-da agza döwletleriň azyndan üçden biriniň haýyşy boýunça adatdan daşary sessiýa ýygnanyp bilýär.
Ýaponiýanyň Hemişelik wekiliýetiniň başlangyjy we 150-ä golaý agza döwletiň goldawy bilen Baş direktora bu adatdan daşary mejlisiň çagyrylmagyny haýyş edilip hat iberildi.
Türkmenistan hem öz gezeginde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň bäşinji adatdan daşary mejlisini çagyrmagy goldap, çykyş etdi.
Bu mejlisde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýollan hatynyň 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda ÝUNESKO-nyň Baş müdiri tarapyndan agza döwletlere tanyşdyrylmagy bilen ABŞ-nyň Gurama agza döwlet hökmünde gaýdyp gelmegi bilen baglanyşykly maliýe meselelerine seredilip geçildi.
Habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy 31-nji iýula çenli ABŞ-nyň agza döwlet hökmünde dolanyp gelmegini goldaýan karar kabul etdi we 132 agza döwlet bu karary goldady.