Luwr muzeýi
Nowjuwanlygyň we söýginiň şäheri bolan Parižde ýerleşýän täsinlikleriň biridir. Bu ýeriň täsinligini synlanyňda, çeperçilik dizaýny bada-bat ünsüňi özüňe çekýär. Aýnadan lowurdap duran Luwr piramidasyny synlamak has-da gyzykly. Bu özboluşly piramidany asly hytaýly, ABŞ-da ýaşaýan dünýä belli arhitektor Io Min Peý gurýar.
Muzeýiň Sena derýasynyň kenarynda ýerleşmegi bu künjegi has-da gözelleşdirýär. Taryhyna nazar salsak, bu täsin muzeý 1792-nji ýylda fransuz imperatory Napeleon Bonapart tarapyndan döredilipdir. Şol döwür Fransiýada meşhur bolan suratkeş Ýuber Roberiň kartinalary ilkinji bolup muzeýde orun alypdyr.
Täsin künjegi synlamaga dünýäniň ençeme künjeklerinden ýylda 10 milliondan gowrak jahankeşde gelýär. Bu ýerde Ýewropanyň taryhy janlanýar. Biziň döwrümizden öňki we şu günki güne çenli bolan gymmatly eksponatlaryň we kartinalaryň 300 müňden gowragy saklanýar. Fransuz patyşalarynyň gymmatly golýazmalary we eksponatlary gadymy Fransiýanyň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şolaryň arasynda dünýä belli italýan suratkeşi Rafael Santiniň “Ajaýyp bagban zenan” eseri hem bar. Leonardo da Winçiniň syrly “Mona Liza” eseri bolsa, bu ýere gelen syýahatçylary gelip görmäge howlukdyrýar.
2017-nji ýylda Abu-Dabi şäherinde Luwr muzeýiniň şahamçasy açylýar. Bu täsin mesgen hem edil Fransiýadaky ýaly, dünýäniň köp sanly jahankeşdeleriniň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Çünki bu ýerde Leonardo Da Winçiniň, Pikassonyň, Gogeniň, Eduard Maneniň, Rene Magritiň, Bellininiň meşhur eserleri saklanýar.
Metropoliten sungat muzeýi
Bu täsin muzeý ABŞ-nyň Nýu-ýork şäherinde ýerleşýär. Taryhy muzeý 1870-nji ýylda Jon Teýlor Jonston tarapyndan esaslandyrylypdyr. Häzirki wagtda bu täsin künjek syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýeri hökmünde dünýäniň täsin muzeýleriniň onlugyna girýär we 4-nji orunda durýar. Muzeý ýylda 6 milliondan gowrak adamy kabul edýär.
Muzeýiň köpöwüşgünliligi, syýahatçylara ugur görkezmekde ulanylýan belgileriň her dürli reňklerde görünýändigi has-da özüne çekýär. Häzirki wagtda bolsa, tehnologiýalaryň mümkinçilikleri işjeň ulanylýar. Her ýyl muzeýiň “ýyllyk hasabaty” Amerikanyň neşirlerinde çap edilip, şol ýylky täzelikler we öňde goýulan wezipeler dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrylýar.
2013-nji ýylda Leonard Lauder özüniň toplan dünýä belli fransuz suratkeş Pablo Pikassonyň 33 eserini muzeýe sowgat edipdir. Bu bolsa syýahatçylar üçin uly täzelik boldy.
Bu täsin mesgende 3 milliondan gowrak dürli görnüşdäki taryhy gymmatlyklar saklanýar. Olaryň arasynda has täsinleri hem bar. Bu ýerde 1720-nji ýylda ýasalan dünýäniň gadymy pianinosyny, Rembranadyň 20-den gowrak eserlerini, Min dinastiýasyna degişli keramiki güldanlary görmek mümkin.
Ýeri gelende bellesek, bu muzeýde dünýä belli kinofilmleriň birnäçesi surata alyndy. Olaryň arasynda “Ouşeniň 8 dosty” we “Tomas Kraunyň hilesi” filmlerini görkezmek bolar. Hünärmenleriň bellemegine görä, muzeýi bir günläp doly synlanyňda hem, gymmatlyklaryň ählisini görmek üçin bir hepde gerek bolýar.
Britan muzeýi
Arheologiki tapyndylaryň muşdaklary üçin bu täsin künjegi synlamak maslahat berilýär. Çünki bu ýerde arheologik tapyndylar üçin ýörite niýetlenen pawilýonlar örän köpdür. Pawilýonlar hat-da 4 kilometre uzalyp gidýär. Londonyň gözel künjeginde ýerleşýän bu täsin muzeý 1753-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Gymmatlyklarynyň sany boýunça Luwrdan soň ikinji orunda durýar.
Bu ýerde gadymy Müsür, Mesopotamiýa, Gadymy Gresiýa, Gadymy Rim, Gadymy Ýewropa, Okeaniýa döwletleriniň taryhyna degişli gymmatlyklar, suratlar, teňňeler we medallar saklanýar. Şeýle hem, britan edebiýatynyň, aýdym-saz sungatynyň, drama eserleriniň, dürdäne şygyrlaryň gymmatly golýazmalaryna hem gabat gelmek mümkin.
Muzeýiň esasy aýratynlygy gyzyklanma bildirilýän temalar boýunça gezelenç etmek mümkinçiliginiň ýola goýulmagydyr. “Britan muzeýiniň ýaşlary” topary döredilip, her hepdäniň ýekşenbe günleri çagalar we ýetginjekler üçin ajaýyp duşuşyklary guralýar. Şeýle hem, ýylda 4 gezek ýaşlar üçin muzeý agşamlary geçirilýär. Ýapon agşamynda ýapon gymmatlyklary bilen tanyş edilse, ertesi geçiriljek müsür agşamynda gadymy Müsüriň taryhy bilen tanyşmak mümkinçiligi döredilýär.
Kataryň milli muzeýi
2019-njy ýylda açylyp ulanmaga berlip, şondan bäri çylşyrymly binägärlik gurluşy bilen hemmeleri haýrana goýup gelýär. Desganyň gurluşygynda dünýä meşhur fransuz arhitektory Žan Nuweliň on ýyldan gowrak dowam eden zähmeti uludyr. Ol öz işini çylşyrymly dizaýn konsepsiýasy hasap edýär. Dünýä jemgyýetçiligi bolsa bu täsin desgany çöldäki gül ýa-da çägäniň üstündäki gül diýip atlandyrýar. Alaň çägeleriň üstünde owadan tebigaty ýatladýan özboluşly binägärlik desgasynyň kemala gelendigi aýdyň görünýär.
Muzeýiň töweregindäki agaçlardan düzülen landşaft owadan tebigaty göçürip gelen ýaly görünýär. Köpöwüşgünliligi, tebigatyň reňkleriniň tehnologiýalaryň üsti bilen özboluşly şekillerde janlandyrylmagy bu ýere gelenleri has-da özüne çekýär.
Bu ýerde gadymy döwürlerden bäri saklanyp galan milli gymmatlyklar bolup, katar medeniýeti, sungaty, taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Taryhy hakydanyň şu günki gün bilen sazlaşýan keşbi göz öňüňde janlanýar. Taryhy janlandyrýan şekil taslamalaryna, şaý-seplere, arheologik tapyndylara, ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky gymmatlyklara möhüm orun berilmegi muzeýiň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 19 – 20-nji martynda Katara amala aşyran döwlet saparynyň barşynda Milli muzeýe baryp görmegi, muzeý gymmatlyklaryny saklamak barada gazanylan katar tejribesi bilen ýakyndan tanyş bolmagy bu ugurda geljekki ösdüriljek hyzmatdaşlygyň badalgasy bolup durýar.
Türkmenistanyň döwlet muzeýi
Muzeýiň taryhy 1925-njy ýylda paýtagtymyzda döredilen Türkmenistanyň döwlet ülkäni öwreniş muzeýi bilen baglanyşyklydyr. 1894-nji ýyldan başlap, ýerli halkyň arasynda toparlar döredilip, egin-eşikler, iş gurallary, milli taryhymyza degişli gymmatlyklar toplanyp başlapdyr. 1951-nji ýylda ýurdumyzda Ylymlar akademiýasynyň döredilmegi bilen, bu muzeý akademiýa birikdirilýär. 1963-nji ýylda bolsa medeniýet ministrliginiň düzümine girýär.
2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýi ady bilen hereket edip gelýär. Bu ýerde Jeýtun medeniýeti, Marguş döwletiniň, Parfiýa şalygynyň, Altyndepe şäheriniň tapyndylaryna giň orun berilýär. Mermerden, kümüşden, keramikadan ýasalan önümleri görmek mümkin. Köne we Täze Nusaý galalaryndan tapylan tapyndylar muzeýiň Parfiýa zalynda dur.
Gurbanmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.