TENNISIŇ TARYHYNDAN

Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyndan orun alan dünýä belli tennis ähli döwürlerde-de gadyr-gymmatyny ýitirmeýän sportuň islegli görnüşi bolupdyr. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, tennis akyl sungatydyr. Beýle diýilmeginiň sebäbi, diňe akyl işjeňliginiň netijesinde, öňe okdurylan topjagaz garşydaşy aljyradyp bilýär. Güýji emel bilen ýokary tizlikli  hüjümi talap edýän akylyň we göreşiň bilelikdäki sungatydyr. Köplenç ýagdaýda tennis arkaly ynsan häsiýetleriniň synagdan geçirilýän wagtyna hem gabat gelinýär. Ýagny, şeýle sowal ýüze çykýar: hüjüme geçen garşydaşa gönümel hüjüm etmelimi ýa-da gytaklaýyn? Bu çözgüdi çykarmakda türgene onuň oňyn häsiýetleri ýardama geler. Şol häsiýetler türgen üçin dogry çözgüt çykarmakda berk esas bolar. Şonuň üçin bolsa gerek, tennise öz döwründe niçeme ägirt uly ussatlar aşyk boldular. Olaryň arasynda tanymal döwlet işgärleri, syýasatçylar, ýazyjylar, şahyrlar, işewürler, aktýorlar, suratçylar, kosmonawtlar bar.

Tennis, adatça, ýapyk binalarda ýa-da daşy örtükli açyk meýdançalarda oýnalýar. Has takygy, bu meýdançalary “tennis korty” diýip atlandyrýarlar. Uzynlygy 23,77 metr ýa-da 26 ýard, ini 8,23 metr ýa-da 9 ýard ölçeginde bolan kort tennis oýunlary üçin niýetlenen göniburçluk şekilindäki meýdançadyr. “Kort” sözi latyn dilinde “cohors”, iňlis dilinde bolsa “court” sözleri esasynda, “haýat edilen ýer” manysyny aňladypdyr. 1873-nji ýylda kort meýdançasynyň taslamasy boýunça britaniýaly harby gullukçy, maýor Uolter Klopton Uingfild ilkinji patente eýe boldy. 1877-nji ýylda bolsa käbir üýtgeşmeler geçirilip, maýoryň düzen taslamasy we laun-tennis boýunça kadalary kämilleşdirildi. Oňa görä kort meýdançasy gönüburçluk şekline eýe boldy. Toruň beýikligi, çyzykdan tä tora çenli aralyk boýunça meseleler babatda 1882-nji ýylda kesgitli karara gelindi. Kortuň dürli görnüşleri bardyr. Hususan-da, Awstriýaliýada we Beýik Britaniýada däp bolan ýaşyl otlukdan düşelen kort meýdançasy, şeýle-de, toprakdan düşelen kort meýdançasy bar. Mundan başga-da, asfaltdan, gaty örtükden, halydan we rezinden düşelen kort meýdançalary hem duş gelýär.

Tennisiň kadalary boýunça ilkinji kitap 1555-nji ýylda italiýaly ruhany Antonio Skaino da Salo  tarapyndan Wenesiýada çap edilipdir. «Toply oýun barada traktat» diýlip atlandyrylan kitapda oýnuň düzgünleri, hasaplar ulgamy, meýdançanyň ölçegleri we olaryň enjamlaşdyrylyşy barada maglumatlar beýan edilýär. 1592-nji ýylda fransiýaly tennis ussady Žan Forbe oýnuň 24 kadasyny kesgitläpdir. Bu kadalar awtoryň 1599-njy ýylda Parižde çap edilen «Tennisiň bedene we akyla peýdaly täsirleri» kitabynyň 2-nji bölüminde berkidilipdir. Ýeri gelende aýtsak, tennisiň iň möhüm ugurlarynyň biri bolan Real-tennisiň iňlis nusgasynyň ilkinji kadalary 1668-nji ýylda Rendel Holm tarapyndan çap edilen «Arsenal akademiýasy» kitabynda beýan edilipdir.

Häzirkizaman tennisi öz gözbaşyny XIX asyryň ikinji ýarymyndan alyp gaýdýar. Sportuň bu görnüşiniň Watany Beýik Britaniýa hasaplanýar. Çünki bu ýurtda 1877-nji ýyldan başlap “The Championships Wimbledon” diýlip atlandyrylýan Uimboldon ýaryşlaryna badalga berilýär. Halkara ýaryşlary 1900-njy ýyldan bäri geçirilýär. Şol döwürlerden başlap, ýylda bir gezek «Dewis kubogy» ugrundaky halkara toparlaýyn ýaryşlar geçirilip gelinýär.

 

Gülnahal DÄDEBAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar