ARKADAG ŞÄHERI — BAKY BAGTYŇ ŞÄHERI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň medeniýet öýünde «Arkadag şäheri — baky bagtyň şäheri» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirdi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Mejlisiň deputatlary, dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Henip Zahyrow, Mejlisiň deputaty Atageldi Musaýew, mährem ene Bibihajar Rozmedowa, TDP-niň Görogly etrap komitetiniň başlygy Nurmyrat Şamyradow, TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň bölüm müdiri Altyn Atakowa dagy çykyş edip, «Arkadagyň şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitapda ynsan elleri bilen döredilen täze şäheriň döwrebap mümkinçilikleri, onuň binagärlik gözellikleri, bezeg aýratynlyklary, bu ýerde gurlan binalardyr desgalar, ulanylan tehnologik çözgütler barada giň maglumatlaryň beýan edilýändigini aýratyn nygtadylar. Çykyş edenler Arkadag şäheriniň gurmak, döretmek ýoly bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň gazanýan beýik ösüşleriniň, eziz Diýarymyzyň täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýandygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň nyşanydygyny giňişleýin beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda etrabyň sungat ussatlarynyň täze taryhy eýýamda gazanylýan ösüşleri, alnyp barylýan tutumly işleri, geljegiň şäheri bolan Arkadag şäherini wasp edip, olarda täze şäheriň Watanymyzyň kuwwatyny berkitmekde tutýan orny çeper beýan edildi. Şeýle-de bu işleriň gözbaşynda duran Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Ýerine ýetirilen aýdymlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna ýüreklerden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar