GULAKLYGY ULANMAGYŇ TARAPDARY… ilkinji nobatda bu meselede ýaşlara ýüzlenmek gerek

Ýaşlar şu günki günüň ösüşleri bilen öňe barýar. Döwrüň täze gazananlaryndan tanyş bolup, tehnologiýalara erk edýärler. Ýönekeýje adaty gün tertibine salgylansak, irden okuw, öýle kitaphana ýa-da kompýuter okuwlary, agşamyna bolsa gündizki okuwlary gaýtalamak we ertirki meýilnama taýýarlyk görmeklik ýaly işler özboluşly okuw-iş aladalaryny döredýär. Bu gün şuny öwrensem, pylança wagtdan şuny hem öwrenmäge ýetişsem diýdirýär. Gulaklygyň (adaty nauşnigiň) ýaşlaryň durmuşyndaky orny barada söhbet etmegi makul bildik.

Aslynda telefon, gulaklyk asylly maksatlar üçin döredilýär. Emma gije-gündiz ýanymyzdan aýyrman, ony kitap ornuny tutýan durmuşy gollanmamyza öwürmegimiziň käbir nogsanlyklary döredip biljekdigini ýadymyzdan çykarýarys.

Gulaklygyň diňleýjiniň isleginden artyk ulanylmagy gulagy ýadadýar. Ýaşlaryň pikirine görä, gulaklyk arkaly diňlenen saz hiç kime päsgel bermeýär we bu özbaşdak lezzet almaga mümkinçilik berýär. Päsgel döretmese-de, köp ulanmagyň zyýanlydygyna birbada düşünmeýär. Asylly maksatlara gulluk edýän enjamlaryň bisarpa ulanylmagynyň wagtyň geçmegi bilen zyýanly endige öwrülýändigini alymlar tassyklaýar. Gulaklyk hem şeýle endige öwrülip, gulagyň şaňlamagy, birden ses gelmeýän bolsa-da, sazyň hyýaly eşidilmegi, käwagtlar sözleriň dogry kabul edilmezden, birnäçe gezek gaýtalanmagy ýa-da biriniň aýdýan sözüniň başga söze çalşyrylyp eşidilmegi ýaly ýönekeý, emma wajyp alamatlary ýüze çykarýar.

Gulagyň ýadamagy sesiň güýçlüligine ýiti täsir edýär. Güýçli ses iki-üç minutdan artyk diňlense, gulagy tiz ýadadyp, içki perdesine kürsäp girýär-de, ondaky inçe nerw öýjüklerine zyýan edýär. Gulaklygy ulanmazdan, açyk sesde diňlemek arkaly daş-töwerek bilen sazlaşýan ýaly özboluşly ýaňlanyp, kä pursat özüňiz hem hiňleneniňizi duýman galýarsyňyz. Emma gulaklykda welin şeýle duýulsa-da, edil açyk sesdäki ýaly bolmaz. Sebäbi gulak daş-töwerekden üzňe. Üns berseňiz, gulaklykda aýdym diňläniňizde, şol aýdymy, aýdaly, ýuwaşjadan hem goýanyňyzda-da, siziň sabryňyz on minutdan aňryk geçmez, aýdymy çalyşmak islärsiňiz. Bu bolsa, diňleýän aýdymyňyzdan lezzet almaga mümkinçilik bermez. Wagtyňyzy bisarpa harjarsyňyz.

Adamzat üçin döredilen açyş ilkibada kada salnanok, diňe şol zadyň jemgyýete berjek peýdaly taraplary öňe sürülýär. Kada jemgyýetdäki özüňi alyp barmagyň özboluşly medeniýeti bilen sazlaşýar. Şunuň ýaly telefon ýa-da gulaklyk ulanmagyň kadalaryna eýermek talap bolup durýar. Gulaklygy peýdalananyňyzda, hökman az-azdan ulanmaly. Diňläniňizde otuz minuda golaý ýuwaşja, özüňize düşnükli sesde diňlemeli. Aslynda, aýdym-saz adamyň ruhy dartgynlygyny ýeňmäge, işe joşgun, höwes döretmäge ýardam berýär. Gulaklygy bisarpa ulanmazdan anyk we kesgitli ulansak, şol höwesi gazanmak mümkinçiligi ýokary bolýar.

Ýaşlarda häli-şindi gaýtalanýan bisarpa telefon ulanmak, gulaklykda aýdym diňlemek, näme üçin şeýle edýänligine belli bir wagt düşünmezlik, düşünenden soň wagtynyň boş geçendigine ökünmek ýaly pikir-garaýyşlar bolýar. Şuňa garamazdan, gulaklygy ulanmagyň tarapdary, emma ony şol pursatda döreýän şahsy iş jedweliňize laýyklykda, ýerlikli we şahsy arakesmeli ulanmagyň iki esse tarapdary.

Ýaşlar — ýurduň geljegi. Ýaşlaryň berk bedenli, gujur-gaýratly, Watana, halka wepaly bolup ýetişmegi üçin bimöçber uly işler alnyp barylýar. Tehnologiýalar asylly maksatlara gulluk edýär. Ýaşlar bolsa, şol asylly maksatlary hereketlendirýän güýçdir.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

 guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar