Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda her bir günümiz toýdur-baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär.
Ýaňy-ýakynda, has takygy 29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlan Arkadag şäheriniň 1-nji tapgyrynyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynda dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagy hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berildi. Munuň özi, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şertidir. Arkadag şäherinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy şäheriň özboluşly görküni bezeýär. Bilim, sungat ojaklaryna halkymyzyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy bolsa, ýaş nesillerde watansöýüjilik duýgusyny hasda artdyrjak guwandyryjy çözgütdir.
Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli we sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäheriň ähmiýetini açyp görkezýän «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitap neşir edildi. Bu kitap tutuş halkymyz üçin Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat boldy. «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze neşirde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlaryň, binalaryň we olaryň gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagy okyjyny özüne çekýär. Bu kitap ähli halkymyz, şol sanda ýaş nesillerimiz üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolsa, daşary ýurt okyjylary üçin Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly innowasiýalara esaslanyp alnyp barylýan ägirt uly şähergurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Bize şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Abul HAÝTBAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.