Her bir sungat ýönekeýje zatlardan başlanýar. Eýsem, keçe etmek haçan başladyka? Amaly-haşam sungatyny öwrenijiler türkmen keçesiniň has gadymydygyny çak edýärler. Sungat daragtynyň bir şahasy bolan bu önüm soňlugy bilen has kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen keçeleri reňklere baýlygy, gözelligi, çeperçiligi we hili bilen tapawutlanýar.
Şeýle täsin keçeleri döretmek üçin wajyp zatlaryň biri hem gamyş bolup durýar. Gamyş Diýarymyzyň ähli künjeginde suwly ýaplaryň, zeýkeşleriň gyrasynda gögerýär. Watanymyzyň çogly güneşine berkäp, boý alan gamyşlar öz-özünden köpelip, suwly ýaplaryň ähli ýerini tutýar. Tomsuň epgekli yssy şemalyna ygşyldaşýan altynsow reňkli gamyşlaryň täsin sesi dilli tüýdügiň dürli owazlaryny ýadyňa salýar. Gamyş bilen iş salyşýan adamlar ençeme ýyllaryň tejribesinde gamşy ýylyň haýsy paslynda ýygsaň amatly bolýandygyny bilýärler. Ata-babalarymyzyň «Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar’ diýen atalar sözüni nazarda tutup, aýaklaryna ädik, ellerine bolsa ýiti orak alyp, gamşy ýygyp guradýarlar. Edil şonuň bilen bir hatarda, gamşyň berk bolmagy üçin tut agajynyň uzyn çybyklary hem gerek bolýar. Gamşy dokamak üçin gerek boljak ýüpleri hem işip, da:şlara sarap goýýarlar. Gamyş dokalýan ýörite gural iki sany toýnak görnüşli agaçdan bolup, belli bir aralykda ýere mäkäm berkidilip, toýnaklaryň üstüne bolsa berk togalak agaç goýulýar. Ähli taýýarlyk işleri geçirilenden soň, togalak agajyň ýüzünde dokaljak gamşyň ölçegi bellenýär we ýüpler ýerbe-ýer edilip, sallanyp goýulýar. Gamşy iki, üç ýa-da dört zenan dokaýar. Onuň iki gyrasynda durýan zenanlara halyçylykda aýdylyşy ýaly, «gyra sürýänler» diýilýär. Olar gamşyň syk, berk we göni bolmagy üçin özlerine gerek boljak gamşy, çybygy taýýarlap, toýnakdan artyp duran togalak agaja söýäp goýýarlar. Gyra sürýän zenanlar taýýarlanan gamşyň ýogynrak tarapyny agajyň üstünde taýýarlanyp goýlan ýüpleriň üstünde ölçege görä goýup, da:şlara oralan ýüpleri çapraz edip, ýerlerini çalyşýarlar. Şeýlelikde, birnäçe hatar gamyş, soňra birki hatar tut çybygy gezekleşdirip, ini 2 metr, boýy 4-5 metre çenli uzynlykda dokalan gamyş agyr hem berk bolýar. Şeýle ussatlyk bilen dokalan gamyş üstünde dürli reňkli ýüňlerden daralyp taýýarlanan pişgeleri süýüp, keçäniň gülleri çyzylanda, güllelende ýa-da keçe çekilende-de agramly bolup, eýläk-beýläk süýşüp durmaýar.
Milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy hemmetaraplaýyn öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýän, halkymyzyň milli, medeni, ruhy, taryhy gymmatlyklarynyň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet ähmiýetli tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.