DÜNÝÄNIŇ MEŞHUR KITAPHANALARY

BEÝIK BRITANIÝANYŇ MILLI KITAPHANASY

Bu kitaphana dünýäniň iň uly kitaphanalarynyň biridir. Bu ýerde 170-200 million nusgadan gowrak kitap saklanylýar. Olaryň arasynda diňe bir ýurduň däl, ençeme döwletleriň meşhur ýazyjylarynyň, alymlarynyň we taryhçylarynyň dürli dillerde neşir edilen kitaplary bardyr. Bu paýhas ojagy 1973-nji ýylyň 1-nji iýulynda döredilipdir. Bir wagtyň özünde 1200 okyjyny kabul edip bilýär.

Kitaphana 1997-nji ýyla çenli Britan muzeýiniň bir bölegi bolup, şondan soňra bolsa täze bina göçürilýär. Ýeri gelende bellesek, bu kitaphanada Leonardo da Winçiniň ýazgylary, hat-da, 1506-njy ýylda çekilen täze dünýäniň ilkinji kartasy bolan «Kontarini» kartasy hem saklanylýar.

 

ABŞ-NYŇ KONGRES  KITAPHANASY

Kitaphana ABŞ-nyň kitaphanalarynyň arasynda iň gadymylarynyň biridir. Toplum 3 binadan ybarat bolup, ýurduň paýtagtynyň merkezi böleginiň gözelligine görk goşup dur. Bu täsin mesgen 1800-nji ýylyň 24-nji aprelinde ABŞ-nyň şol wagtky Prezidenti Jon Adams tarapyndan döredilipdir. Şol wagt bary-ýogy Londondan getirilen 740 sany kitap, 3 sany Amerikanyň geografik kartasy getirilipdir. Häzirki wagtda bolsa 170 million nusgadan gowrak gory bolan kitaphana dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Bu ýerde 38 milliondan gowrak dürli dillerdäki kitaplar, 70 million gowrak golýazmalar, 5,5 milliondan gowrak ululy-kiçili kartalar saklanylýar.

 

RUSSIÝANYŇ DÖWLET KITAPHANASY

Bu kitaphana diňe bir Ýewropada däl, dünýäniň iň uly we gadymy kitaphanalaryň biridir. Bu ýerde kitaplaryň 50 milliondan gowrak nusgasy saklanýar. Paýhas ojagy 1862-nji ýylda döredilipdir. 1942-nji ýylda kitaphananyň binýadynda ýörite çagalar kitaphanasy açylypdyr. 1946-njy ýylyň 18-nji aprelinde bolsa, ilkinji gezek okyjylaryň ählumumy konferensiýasy geçirilipdir.

1995-nji ýylda ýurduň hökümetiniň karary bilen, «Russiýanyň medeni miras ýadygärligi» hökmünde hasaba alynýar. Kitaphananyň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylygynda birnäçe ýygyndylar we žurnallar yzygiderli çap edilip başlanýar. Olaryň arasynda «XXI  asyryň kitaphana işi» ýygyndylar toplumy, «Kitaphana işi» ylmy-analitik žurnal has-da uly meşhurlyga eýedir.

 

HYTAÝ MILLI KITAPHANASY

Bu kitaphana 1909-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda döredilipdir. 1928-nji ýylda bu täsin künjege milli kitaphana derejesi berlipdir. Bu ýerde 30 milliondan gowrak nusgada kitaplaryň gory saklanýar. Gadymy Hytaý taryhyny we medeniýetini özünde jemleýän bu ajaýyp mesgen bir ýylda 5 milliondan gowrak okyjyny kabul edýär. Kitaphananyň «Günorta bölek», «Demirgazyk bölek» ady bilen atlandyrylýan aýratyn binalaryň bolmagy bu ýerde işiň gadymy milli äheňler esasynda guralýandygyny subut edýär. 270 müň sany seýrek duş gelýän kitaplaryň we 1600 sany iň gadymy kitaplaryň saklanýandygy üçin diňe bir syýahatçylary däl, köp sanly alymlary we taryhçylary hem baryp görmäge gyzyklandyrýar.

 

Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pensiýa gaznasy bölüminiň başlygynyň kätibi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Indiki makala

SAPALY TOMUS

Meňzeş habarlar