Çaga geplemegi, aýdym aýtmagy, tans etmegi, ylgamagy, şatlanmagy, bökjeklemegi, heýkeljikleri ýasamagy, surat çekmegi, oýnamagy, tertipli naharlanmagy, sypaýy geýinmegi, tämiz ýuwunmagy, ene-atasyna kömek etmegi başarmaly. Bu nesil terbiýesinden aýdyň mysallar. Şeýle nesilleri terbiýelemekde çagalar baglarynyň, galyberse-de, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň hyzmaty has uludyr. Kiçi ýaşly körpe nesilleriň giň dünýägaraýyşly, edepli-ekramly, bilim-terbiýeli bolmagy üçin çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde mugallymlar tarapyndan terbiýeçilik ähmiýetli işler geçirilýär. Esasan-da, milli pedagogikanyň ýörelgelerine daýanyp, dürli çeşmelerden we usullardan netijeli peýdalanyp, gyzykly sapaklar guralýar. Şeýle sapaklar geçirilende sanly ulgamyň miwesi bolan innowasion multimediýa tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa çagalar üçin has gyzykly we özüne çekijidir.
Körpeleriň iň söýgüli pasly tomus paslydyr. Çünki bu pasylda şadyýan dynç alyş möwsümi başlanýar. Okuwlaryny üstünlikli tamamlan okuwçylar tomusda wagtyny şadyýanlykda, göwnühoşlukda geçirýärler. Tomsuň başlanmagy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky, Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri gapylaryny giňden açýar. Şolaryň biri-de, Daşoguz welaýatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezidir. Bu ýerde çagalar wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirip, sapaly tomsuň hözirini görýärler. Bagtyýar çagalygyň bagtyýar pursatlary bilen gurşalan gözel künjekde dürli oýunlar, sport ýaryşlary, gezelençler guralýar. Öwrediji sapaklar geçirilip, kompýuter boýunça tälim berilýär. Şeýle hem merkezdäki daşky we içki howuzlarda çagalaryň suwa düşmegi, sportuň suwda ýüzmek görnüşi bilen meşgullanmagy, bu ugurda ýaryşlaryň guralmagy üçin ajaýyp mümkinçilikler bar. Şeýle hem dynç alyş döwründe ýokumly kaloriýalara baý, dürli gök-bakja önümleri, milli tagamlarymyz, saglyk üçin peýdaly iýmitler gündelik meýilnama laýyklykda çagalar üçin hödürlenýär. Şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, ylaýta-da Ýaşlar guramasynyň wekilleri meýilnama esasynda bu ýerde bolup, baý many-mazmunly çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklary, gyzykly bäsleşikleri yzygiderli geçirýär.
Ýurdumyzda çagalaryň hukuklary we erkinlikleri Kanun esasynda goralýar. Ýaş raýatlarymyz barada hormatly Prezidentimiz bimöçber aladalar edip, giň mümkinçilikleri döredip berýär. Körpe nesliň bagtyýar çagalygynyň parahat, abadan we şadyýan geçmegi üçin ähli şertler döredilýär. Tomusky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde döredilýän mümkinçilikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ine, şeýle bagtyýarlyk biziň ýurdumyzyň körpe nesilleriniň her birinde bar. Çünki biziň Watanymyz bagtyýar çagalygyň mekany.
Ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan çagajyklarymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Döwran TURAÝEW,
Daşoguz şäher häkimliginiň «Bagtyýar nesil» çagalar
sagaldyş we dynç alyş merkeziniň başlygy.