Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň nurana geljegi bolan ýaş nesiller ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar. Hormatly Prezidentimiz: «Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýip bellemek bilen, bagtyýar ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli bolmagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda mynasyp işleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Serdarymyzyň «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tassyklamagy hem çagalar hakdaky aladanyň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalaryň wagtlaryny ýatda galyjy pursatlara beslemek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi golaýda etrabyň «Nur» söwda dynç alyş merkezinde aýdym-sazly dabara geçirdi. Tomus paslynda çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň wagtlaryny şatlyk-şowhunly, mazmuna baý görnüşde geçirilmegini gazanmak, ýatda galyjy pursatlara beslemek maksady bilen geçirilen dabara çagalar baglaryndan gelen körpeler uly höwes bilen gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabara turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslenip, bagtyýar çagalar dürli görnüşli haýwanjyklaryň eşiklerini geýip, ertekilerden taýýarlanan sahna oýunlaryny oýnap, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirip, çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýladylar.
Berkarar Watanymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, ýaş nesiller hakda bimöçber alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.