ARKADAG ŞÄHERI — BAGTYMYZYŇ BAHARY

Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda toýlarymyz toýa baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň gadymy künjekleriniň birinde Köpetdagyň eteginde täze şäher Arkadag şäheri guruldy. Arkadag şäheri Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen”akylly” şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, adamlaryň abadançylygynyň we sagdynlygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiki ugur wajyp talap bolup durýar. Ýaşlara berilýän üns, ýaşlar barada edilýän alada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has giň gerime eýe bolýar. Bu şäher türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup, onuň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, täze şäher sebitde iň iri we ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwrüldi. Şäheriň birinji tapgyrynda 336 sany bina we desga, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar gurlup ulanmaga berildi. Has takygy, bu iri şäheriň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy gurlup ulanylmaga berildi. Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar — döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Ynsan durmuşyny özgerdýän bu güýçleriň gudratyny, özboluşly sazlaşygyny Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynda, döwrebap keşbinde görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de ýurdumyzda ýaş nesillere aýratyn ynam bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Hut şu nukdaýnazardan Büzmeýin etrap häkimligi, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi we Türkmenistanyň Inžener tehniki — ulag kommunikasiýalar instituty bilen bilelikde gurnamagynda bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Arkadag şäheri — bagtymyzyň bahary» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyşlara giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasy bilen kemala gelen Arkadag şäheriniň gurluşyk aýratynlyklary we ol ýerde ýaşlar üçin döredilen şertlerdir mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Gülnara GURBANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 980 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 1145 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI