Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň direktory Tao Çžan bilen bilimi dolandyrmak boýunça maglumat ulgamyny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Bu ulgamy döretmegiň maksady bilim ulgamynyň işini sanlylaşdyrmakdan we bu boýunça maglumatlary bitewi maglumat portalyna birikdirmekden ybaratdyr. Bilim ministri we ÝUNESKO-nyň degişli institutynyň ýolbaşçysy bilim işinde maglumat tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Degişli resminamanyň ýakyn wagtda baglaşylmagyna garaşylýar.
Gepleşiklere türkmen tarapyndan şeýle hem, bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekili, ilçi Maksat Çaryýew gatnaşdy.
ORIENT news