MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOLÝAZMALAR ÝYGYNDYSY ÝUNESKO-NYŇ SANAWYNA GIRIZILDI

Golaýda (10-24-nji maýy aralygynda) ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi Guramanyň baş edarasynda 216-njy mejlisini geçirdi. Mejlisde, Halkara baha beriş komitetine tabşyrylan hödürnamalary «Dünýä ýatlamasy» halkara sanawyna girizilmegi üçin teklip edilen çözgütler tassyklandy.

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi täze dokumental ýygyndylary sanawa girizmek barada biragyzdan karar kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň «Dünýä ýatlamasy» sanawyna 64 sany dokumental ýygyndy girizildi we ýygyndylaryň umumy sany 494-e ýetdi. Sanawda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy hem bar.

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynda XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanda ýaýran eserleriniň saklanyp galan golýazmalary bar. Ýygyndy Magtymgulynyň ýakyn garyndaşlary, obadaşlary, şahyrlar, alymlar, şeýle hem halk aýdymçylary — bagşylar tarapyndan göçürilen 80-den gowrak diwandan ybarat.

 

Pirguly ÝALKAPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň uly mugallymy.

Meňzeş habarlar