HALK MASLAHATY: RÖWŞEN GELJEGIŇ BÄHBIDINE

     Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen, ýaşulular bilen geňeşip çözmek türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän häsiýetli aýratynlygydyr. Bu günki gün halkymyzyň bu ajaýyp syýasy we durmuş tejribesi giňden ulanylýar. Munuň şeýledigi jemgyýetçilik gurluşynyň iň gadymy düzümleriniň biri bolan Halk Maslahatynyň mysalynda aýdyň görünýär. 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler we hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň wajyp meselelerini öz içine alýan maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalarynyň, Mejlisiň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, şeýle hem, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän döwletli tutumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.

     Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwarynda döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edildi. Bu hukuk resminamasynyň esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary dörediler, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de düzümini tassyklamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda degişli resminamalar kabul ediler.

     Prezidiumyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmegi bilen bagly, ýagny geljekde bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmat bahaly kagyzlaryň bazaryny, gazna biržasynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň işjeňligini has-da artdyrmak, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini peseltmek üçin olara goşmaça kepillikler bermek ýaly möhüm ugurlara degişli alnyp barylýan işleri täzeden seljermek, ýurdumyzyň maýa goýum, migrasiýa syýasaty, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul dolanyşygy we walýuta düzgünleşdirmesi hem-de beýleki birnäçe meseleler boýunça teklipleri taýýarlamak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň geriminiň barha giňeýändigini nazara alyp, bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň, hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, geljekde has köp talap ediljek hünärler boýunça taýýarlygy giňden alyp barmagyň meselelerine garamak ýaly esasy ugurlara aýratyn ünsi çekdi.

     Bulardan başga-da möhüm hasaplanýan esasy ugurlaryň hatarynda döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm, ileri tutulýan ugry bolan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek, iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, bejeriş we öňüni alyş işleriniň, derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagyna, howpsuzlygyna hem-de netijeliligine gönükdirilen gözegçilik boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma pudaklaryny innowasiýalar arkaly ösdürmek we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde ýüze çykýan gatnaşyklaryň, şol sanda bu pudaklaryň işine degişli standartlaryň, maýa goýum, hukuk, ykdysady gurşawyň kämil bolmagyna gönükdirilen işler boýunça teklipler taýýarlamak işleri kesgitlendi.

     Mejlisiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ony ýokary guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, onuň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlendi, şeýle hem mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek bilen, onuň düzümi, şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi tassyklanyldy.

     Şunlukda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berildi. Bularyň ählisi, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Häzirki taryhy döwürde bu demokratik däpler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orny eýeläp, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, agzybir we jebis halkymyzyň milli gymmatlyklaryna we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrülýär.

 

Welimyrat ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI