MILLI OÝUNLARYMYZYŇ ÄHMIÝETI

     Ýaş nesilleriň bedenini berkitmekde türkmen milli oýunlarynyň uly ähmiýeti bardyr. Ýörite geçirilýän maşklar diňe beden saglygy berkitmek üçin geçirilýän bolsa, milli oýunlaryň gidişinde çagalar bedenlerini berkitmek bilen birlikde, ahlak, estetiki ýörelgeler baradaky düşünjelerini hem kämilleşdirýärler. Türkmen milli oýunlarynyň aglabasy hereketli bolup, kesgitli sanawda oýunçylaryň bolmagyny talap edýär. Aýratyn hem, köpçülikleýin oýunlarda olaryň adamyň bedeniniň ösüşine edýän täsiri mese-mälimdir. Oýunlaryň kömegi arkaly güýç toplanýar, çalasynlyk, çydamlylyk, päsgelçilikleri ýeňip geçmek ýaly häsiýetler terbiýelenýär, beden çeýeleşýär, nerw ulgamy berkeýär. Oýun bütin bedeniň ýaşaýyş ukyplylygyny, şol sanda onuň içki ulgamlaryny-da ösdürýär. Olarda ugurtapyjylyk, ünslülik, synçylyk ýaly sypatlar hem ösýär. Elbetde, «Tarapma-tarap bukulma», ýaly oýunlarda yzygiderli ylgamak bilen, sazlaşykly hereket edilýär, netije-de ýaşlar bütin synalaryny berkidýärler. Bu bolsa synanyň sagdyn, çeýe bolmagyna getirýär. «Urup gaçdy», «Agsak durna», «Agsak towuk», ýaly oýunlar bolsa türkmen çagalarynyň iň halaýan oýunlary bolup, olar çaganyň myşsa-hereket ulgamynyň işini berkitmekde, hereket sazlaşygyny, ylgaw tizligini, ykjamlylygy ösdürmekde uly ýardam berýär. «Parran», «Aýterek-Günterek», «Pişik» ýaly oýunlaryň esasy bölekleri ýöremek, ylgamak, bökmek, çapyşmak, deňagramlylyk, güýç ýüklenmesi, myşsa ösüşi bilen baglanyşykly beden hereketi, eşidiş we göriş ukybyny ösdürmek üçin maşklar bolup durýar. Çagalaryň şeýle oýunlaryndan möhüm faktorlaryň ikisi utgaşýar. Bir tarapdan çagalar amaly işe girişýärler, beden taýdan ösýärler, özbaşdak hereket etmeklige endik edýärler, ikinjiden bolsa olar ahlak hem gözellik taýdan taplanýar. Daşky gurşawa akyl ýetirmegi çuňlaşdyrýarlar. Bu bolsa umumylykda şahsyýetiň doly terbiýelenmegine ýardam edýär. Şeýlelik-de, oýun — terbiýelemegiň toplumlaýyn serişdeleriniň biridir.

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA