IL AGZYBIRLIGI MAŞGALADAN BAŞLANÝAR

     Maşgala ynsan durmuşynyň gözbaşy hasaplanýar. Maşgalanyň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine hem täsir edýär. Şonuň üçin il arasynda agzybir maşgalalary döwletli hasaplaýarlar. Türkmen halkymyz maşgala bitewüligini ähli zatdan ýokary goýýar. Maşgalam — baş galam diýip ýöne ýere aýdanoklar. Her bir maşgala, ilki bilen ata-enäni sylamagy, ululara we töwerege hormat goýmagy ýaşaýyş-durmuşyň düzgünnamasy hökmünde perzentleriniň gursagyna guýýar. Maşgalada köpçülikde edep-tertibi saklamak ilimizde milli terbiýäniň ýazylmadyk kanuny hasaplanylýar. Ynsan jemgyýetde özüni alyp barşy, kemala gelen häsiýeti gönüden–göni maşgaladan gözbaş alýar. Şonuň üçin ilimizde ýaşuly adamlar görelde mekdebi hasaplanýar. Maşgalanyň berkligi, agzybirligi ata-enä bagly. Olar çagalaryna ýaşlykda zähmeti, ylym-bilimi, hünäri, tebigaty, gözelligi söýmegi öz görelde mekdepleri bilen öwretmeli. Her bir maşgala jemgyýetiň gülläp ösmegine badalga bolup, ýurduň üstünliklerine goşant goşýar.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýeti emele getirýän her bir maşgala we onuň agzalary döwrüň beren gymmatlyklaryndan peýdalanyp, erkana durmuşda ýaşaýarlar. Şonuň üçin hem nesillerimize milli ruhda, döwrebap terbiýe bermäge borçludyrys. Her bir maşgalanyň agzybir ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Arzygül MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly

adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Sarahs etrap

Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA