Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş nesle uly ornuň degişlidigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ýaşlar jemgyýetimiziň iň işjeň bölegidir.
Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, watansöýüji, sagdyn ruhly we berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işleriň esasy maksadydyr. Bu işleri has-da üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi tassyklandy. Bu resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrdy, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda belent maksatlar Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek boýunça wajyp wezipeler öňe sürüldi. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Ýaş nesil baradaky alada ertirki gün baradaky aladadyr. Ýaşlaryň özleri barada edilýän alada mynasyp jogap bermegi, bildirilýän uly ynamy ödemegi buýsandyryjy ýagdaýdyr.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi 57 maddadan ybarat bolup, ýaşlar barada kabul edilen ozalky Kanunlardan özüniň döwrebaplygy we kämilligi bilen düýpgöter tapawutlanýar. Mysal üçin, onuň 1-nji maddasynda watansöýüjilik hakyndaky düşünje anyk we gysga kesgitlenipdir, şol bir wagtyň özünde-de juda giň manyda berlipdir. Kanunda aýdylyşy ýaly, watançylyk öz Watanyňa, halkyňa bolan söýgüden, Watan öňündäki raýatlyk borjuňa wepaly bolmakdan we ony berjaý etmäge ýokary jogapkärçilikli çemeleşmekden, şahsy bähbitleriňi bu borja tabyn etmekden ybarat bolan ahlak ýörelgesidir, Watanyň ösüşlerine we şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmakdyr.
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty kämillik ýaşyna ýetmediklere, okuwçy, talyp, işçi-daýhan ýaşlara, ýaş maşgalalara, ýaşlar birleşiklerine, ýaşlar kärhanalaryna, ýaşlary goldamak baradaky döwlet we jemgyýetçilik gaznalaryna, alym ýaşlaryň, ýaş döredijilik we sungat işgärleriniň jemgyýetçilik birleşiklerine degişlidir. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň durmuşy, okuwy, işi, maşgala ýagdaýy bilen hemişe gyzyklanýar hem-de degişli ýolbaşçylara ýaşlar syýasatynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrýar.
Konstitusiýanyň 4-nji maddasynda: «Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýip bellenilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň şu ýylyň iýunynda kabul eden «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunlary hem halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekdäki tagallalar bilen berk baglanyşyklydyr.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanun ýaşlar kärhanalarynyň köpelmegine, olarda işleýän ýaşlaryň sanynyň has-da artmagyna getirdi. «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirilmegi hakynda» Kanun hem ýaşlaryň hukugyny, azatlygyny, saglygyny goramaga gönükdirilen möhüm ähmiýetli resminamadyr. Ýaşlaryň kanuny bähbitlerini goramak diýen düşünje jemgyýet we döwlet tarapyndan amala aşyrylýan, ýaşlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagy, ösýän ukyplaryna laýyklykda terbiýelenmeginiň we ösmeginiň üpjün edilmegi bilen bagly toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlary özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, Watanymyz, halkymyz üçin peýdaly adamlar bolup ýetişmek maksady bilen yhlasly okaýarlar, öwrenýärler, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler.
Şamuhammet HOJAMBERDIÝEW,
«Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginiň
umumy bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Demokratik
partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
«Türkmenistan» gazeti, 2023-nji ýylyň 27-nji iýuly.